Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan elektrik ölçeýji enjamlary öndürer


Türkmenistan. Täze çekilen elektrik liniýalary
Türkmenistan. Täze çekilen elektrik liniýalary

Türkmenistanyň «Türkmenkabel» kärhanasy elektrik ölçeýji enjamlary köpçülikleýin öndürmegi ýola goýar diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Bu mesele 18-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, önümçilik labaratoriýasynyň enjamlaryny getirmek, olary gurnamak we önümçilige başlamak barada Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen Türkiýäniň «Gap Inşaat» firmasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylar.

XS
SM
MD
LG