Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: Otly hadysasynda ýüzden gowrak adam öldi


Otlynyň agdarylmagyna nämäniň sebäp bolandygy belli däl.

Otlynyň agdarylmagyna nämäniň sebäp bolandygy belli däl.

Demirgazyk Hindistanda agdarylan otluda azyndan 100-den gowrak adam ölüp, 150-den gowrak adam ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar.

Bu hadysa ýurduň demirgazygyndaky Uttar Pradeş ştatynda, Kanpur şäheriniň golaýynda, 20-nji noýabr güni irden boldy.

Halas edijiler Patna-Indore ekspres otlusynyň wagonlaryny kesip, jesetleri we diri galanlary çykarmak üçin agyr tehnikany ulanýarlar. Otlynyň agdarylmagyna nämäniň sebäp bolandygy belli däl.

Hindistanda, demirýol enjamlarynyň aşa könelendigi bilen baglylykda, otly hadysalary köp bolýar.

XS
SM
MD
LG