Sepleriň elýeterliligi

Stambulda müňlerçe adam AKP-nyň kanun taslamasyna protest bildirdi


Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildrim

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildrim

Stambulda müňlerçe adam pidasyna öýlense, çaga zorlan erkekleriň jenaýat jogapkärçiligini ýatyrmak baradaky dawaly kanun taslamasynyň garşysyna proteste çykdy.

AFP 19-njy noýabrda şäheriň Aziýa tarapyndan demonstrasiýa goşulanlaryň azyndan 3 müň adam bolandygyny aýdýar.

Protestçiler, prezident Rejep Taýyp Erdoganyň partiýasyny nazara alyp, "AKP, eliňi meniň bedenimden çek" diýen şygary galdyrdylar.

Bu kanun taslamasy Adalat we galkynyş partiýasy tarapyndan teklip edilýär.

XS
SM
MD
LG