Sepleriň elýeterliligi

Alepponyň gündogaryna urlan zarbalar onlarça adamy öldürdi 


Aleppo, ýaraly çagalar. 18-nji noýabr, 2016

Aleppo, ýaraly çagalar. 18-nji noýabr, 2016

19-njy noýabrda Siriýanyň demirgazyk şäheri Alepponyň gündogaryna urlan ýygjam howa zarbalary onlarça adamy öldürip, Günbatar döwletleriniň ýazgaryşyna sebäp boldy.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy şäheriň pitneçileriň elindäki bölegine urlan howa zarbalary we barrel bombalary, topa tutmalar netijesinde 48 adamyň, şol sanda azyndan 5 çaganyň öldürilendigini aýdýar.

Hukuk toparynyň hasaplamalaryna görä, Alepponyň bombalanmagynyň güýçlendirilmegi netijesinde soňky bäş günde ölenleriň sany 180 adam bolup, olaryň 97-si şäheriň daşy gabalan gündogar bölegine degişli.

Topa tutmalaryň we howa zarbalarynyň güýçlenmegi bilen, gündogar Aleppodaky hassahanalar hem weýran edildi we bu sebitdäki saglyk desgalary işini togtatmaly boldy.

Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Sýuzan Raýs Birleşen Ştatlaryň hassahanalara urlan soňky howa zarbalaryny «iň berk görnüşde ýazgarýandygyny» aýtdy we Orsýeti, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady zorlugy togtatmak üçin çäre görmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG