Sepleriň elýeterliligi

Filippin prezidenti Orsýeti öwüp, Günbatary 'döwdi'


 Prezident Rodrigo Duterte

Prezident Rodrigo Duterte

Filippinleriň prezidenti Rodrigo Duterte kärdeşi Wladimir Putin bilen ilkinji duşuşygynda Orsýet «beýik ýurt» diýip öwdi.

Iki lider 19-njy noýabrda, Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlygy sammitiniň geçýän ýeri bolan Limada, Peruda duşuşdy.

Duterte Günbatary «süýkenmekde» we «ikiýüzlilikde» aýyplap, ýaranlyga gezek gelende Birleşen Ştatlara ynanyp bolmajakdygyny belledi.

Putin Duterteni maý aýynda saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen gutlady we filippin lideriniň Orsýet bilen Filippinleriň arasyndaky ynamdarlygy berkitmekde eýýäm köp iş edendigini aýtdy.

Duterte Peruwdan gaýtmazyndan öň, eger-de Orsýet bilen Hytaý dünýäniň "täze düzgünini» döretmekçi bolsa, özüniň ilkinji bolup goşuljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG