Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat nobatdaky 'ak altyn' sergisine taýýarlanýar


Türkmenistan, pagtaçy çagalar, 18-nji sentýabr, 2012

Türkmenistan, pagtaçy çagalar, 18-nji sentýabr, 2012

Aşgabatda 3-4-nji dekabrda «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly altynjy halkara pagta sergi-ýarmarkasy geçiriler diýip, «Trend» habar gullugy türkmen hökümetine salgylanyp ýazýar.

"Bu ýyllyk forum tejribe alyşmak we gyzyklanýan daşary ýurt partnýorlary bilen hyzmatdaşlyk gurmak, ýurduň pagta öndürmekde we işläp bejermekde gazanan üstünliklerini wagyz etmek nukdaý nazaryndan möhüm» diýip, türkmen hökümetiniň habarynda aýdylýar.

Bu çäre Türkmenpagta döwlet konserni, Döwlet haryt-çig mal biržasy we Türkmenistanyň Sowda we senagat palatasy tarapyndan guralýar.

Pagta Türkmenistanyň dokma senagaty üçin esasy çig mal we möhüm eksport önümi bolup durýar diýip, habarda bellenýär.

Şeýle-de habarda türkmen pagtasynyň Hytaýa, Orsýete, Angliýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Eýrana, Indoneziýa, Singapura, Ukraina hem-de Baltika ýurtlaryna, ýurduň döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly satylýandygy aýdylýar.

Sowet ýyllarynda türkmen pagtasy Moskwadan berelen plan esasynda esasan merkeze iberilerdi we respublikanyň çäginde gaýtadan işlenmezdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda egirme-dokma fabrikleri guruldy.

Emma muňa garamazdan, içerki bazarda ýerlenýän we daşary ýurtlara satylýan türkmen pagtasyndan alynýan girdeji, has anygy, pagta ýetişdiren daýhanlaryň alýan arassa girdejileri barada türkmen mediasynda suwytly maglumat berilmeýär.

Türkmenistanda döwlet tarapyndan bellenilýän pagta planlary sowet ýyllarynda ekerançylyk ýerleriniň uly möçberde şorladylmagyna, suwuň bisarpa tutulmagynyň adaty bir zada öwrülmegine getirdi.

Zeýkeşiň boýunda duran çaga

Zeýkeşiň boýunda duran çaga

Mundanam başga, Sowet Soýuzynyň soňky prezidenti Mihail Gorbaçýowyň aç-açanlyk we täzeden guruş döwründe türkmen metbugatynda çap edilen makalalarda pagta monopoliýasynyň türkmen halkynyň gadymy ekerançylyk medeniýetine ýetiren zyýany barada delilli gürrüňler edildi. Emma soň doly döwlet eýeçiliginde galan metbugatda bu hili makalalara orun berilmedi.

Ýöne soňky ýyllarda Balkan welaýatynyň adamlarynyň plan esasynda gowaça ekip, pagta tabşyrmak borjundan boşadylandygyny bellemek gerek.

Emma muňa garamazdan, hukuk goraýjy aktiwistler Türkmenistandaky pagta monopoliýasynyň garaşsyzlyk ýyllarynda hem umuman önki durkunda saklanyp galandygyny aýdýarlar.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň görkezilmezligini soran ýerli çeşmeleriň käbiriniň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, pagtaçylyk indi barha köp mejbury zähmete öwrülýär we adamlar bu işden sowet döwründe alýan girdejilerinden hem az pul gazanýarlar.

Mundanam başga, oba ýerlerinde giň ýaýran işsizlik zerarly, pagtaçylyk çaga zähmetiniň hem giňden ulanylýan pudagy bolup galýar diýip, ýerli çeşmeler aýdýar.

Lebap, pagtaçy çagalar, 25-nji awgust, 2013.

Lebap, pagtaçy çagalar, 25-nji awgust, 2013.

Şu ýyl Türkmenistan garaşsyzlyk baýramçylygyndan öň pagta planlarynyň doldurylandygyny yglan etdi. Emma bu «plan dolma» pagta meýdanlaryna sürülýän býujet işgärleriniň arkasyna şemal çaldyrmadyk bolarly. Sebäbi edara-kärhanalaryň işgärleriniň plan dolanyndan soňam pagta äkidilýändigi barada habarlar gowuşdy. Gynansak-da, Azatlyk radiosynyň bu barada resmileriň pikirlerini almak üçin eden synanyşyklary netijesiz gutardy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG