Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi


Illýustrasiýa.

Illýustrasiýa.

Türkmenistanyň aýry-aýry saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirilip, onda saýlawçylaryň 90,27 prosenti ses berdi diýip, türkmen metbugatynda habar berilýär.

20-nji noýabrda Türkmenistanyň resmi metbugatynda berlen maglumata görä, Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak”, Mary welaýatynyň 119-njy “Atçapar” hem-de 124-nji “Pendi” saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi we olarda 75 müň 568 saýlawçy hasaba alyndy.

Şeýle-de, habarda Mejlisiň deputatlygyna bolan bir oruna dalaşgärleriň birnäçesiniň bellige alynandygy aýdylyp, “şeýlelikde bu geçirilen saýlawlaryň hem ozalkylar ýaly demokratik we aç-açanlyk ýörelgelerine laýyklykda giň dalaşgärlik esasynda geçirilendigi” nygtalýar.

Türkmenistanyň Mejlisine deputatlaryň saýlawy iň soňky gezek şu ýylyň awgust aýynyň 21-ne geçirilipdi. Şonda parlamente 7 deputat saýlanypdy.

XS
SM
MD
LG