Sepleriň elýeterliligi

Putin: Nebitiň önümçiligini azaltmak boýunça ylalaşyga gelnip bilner


Nebiti Eksport ediji Ýurtlaryň Guramasyna (OPEC) agza döwletler 30-njy noýabrda Wenada duşuşarlar.

Nebiti Eksport ediji Ýurtlaryň Guramasyna (OPEC) agza döwletler 30-njy noýabrda Wenada duşuşarlar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin dünýäniň nebit öndürijileri bilen nebitiň önümçiligini azaltmak we bahalaryny artdyrmak ugrunda ylalaşyga gelinmeginiň “ähtimaldygyny” aýtdy.

Nebiti Eksport ediji Ýurtlaryň Guramasyna (OPEC) agza döwletler, şol sanda Russiýa 30-njy noýabrda Wenada duşuşýarlar.

Sentýabrda OPEC agzalary nebitiň önümçiligini azaltmak boýunça deslapky ylalaşyga gelipdiler. Ýatlatsak, nebitiň bahasy 2014-nji ýylyň ortalaryndan bäri 60% dagy pese gaçypdy.

Dünýäniň iň uly energiýa eksportýory – Russiýa nebitiň bahasynyň peselmeginden we özüniň Ukrainadaky hereketleri sebäpli girizilen halkara sanksiýalaryndan ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär.

XS
SM
MD
LG