Sepleriň elýeterliligi

Obama, Putin duşuşdylar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) we rus prezidenti Wladimir Putin. 20-nji noýabr, 2016 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) we rus prezidenti Wladimir Putin. 20-nji noýabr, 2016 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama rus prezidenti Wladimir Putin bilen Aziýa-Ýuwaş okean Ykdysady Hyzmatdaşlyk (APEC) guramasynyň Perudaky maslahatynyň çäginde duşuşyp, Siriýa we Ukraina barada gürleşdiler, diýip Ak Tam maglumat berýär.

Iki prezidentiň arasyndaky söhbetdeşligiň dört minut töweregi dowam edendigi aýdylýar.

Maglumata görä, Obama ABŞ-nyň döwlet sekretary bilen Russiýanyň daşary işler ministriniň Siriýadaky gazaplylygy aradan aýyrmak boýunça beýleki döwletler bilen işleşmegini dowam etdirmeklerine çagyrypdyr.

XS
SM
MD
LG