Sepleriň elýeterliligi

Sankt Peterburgly çörekçiniň Türkmenistana tabşyrylmagy mümkin


Çörek dükany

Çörek dükany

Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” guramasy Sankt Peterburgda tussag edilen 43 ýaşly türkmenistanly Aşyrbaý Bekiýewe Türkmenistana tabşyrylmak howpunyň abanýandygyny habar berýär.

Gurama agzalan adamyň 2016-njy ýylyň maý aýynda, Orsýetiň Sankt Peterburg şäherinde ekstremizm bilen baglylykda tussag edilendigi habar berlen türkmenistanlydygyny belleýär.

25-nji maýda Sankt-Peterburgyň hususy çörekhanalarynyň birinde işleýän bir türkmenistanlynyň ele salnandygy we onuň öz ýurdunda dini ýigrenji tutaşdyrmak aýyplamasy esasynda gözlenmeginiň sebäp bolandygy aýdylypdy.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň maglumatynda, onuň öz ildeşlerini bu ýere işe ýerleşdirip, olara radikal dini pikirleri wagyz edendigi we işe alnan adamlaryň hem öz gezeginde, soňy bilen bu pikirleri öz ýurdunda ýaýratmagyny göz öňünde tutandygy habar berlipdi. Tussag edileniň ady görkezilmedi.

“Memorial” guramasy ady görkezilmedik şol adamyň Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy, Sankt Peterburgda eýýäm ençeme ýyl bäri ýaşaýan 43 ýaşly Aşyrbaý Bekiýewdigini özüniň anyklandygyny aýdýar.

“Häzirki wagtda Aşyrbaý Bekiýew tussag astynda galýar we Orsýetiň Baş prokuraturasynyň kararyna garaşýar. Onuň agasy Täçmyrat Bekiýew hem şol aýyplamalar esasynda öz ýurdunda gözlenýär” diýip, gurama habar berýär.

Türkmenistanyň resmi aýyplamasy

Maglumata görä, Aşyrbaý we Täçmyrat Bekiýewler Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň 2015-nji ýylyň dekabr aýynda çykaran permanynyň esasynda tussag edilipdir. Olara Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 177-nji maddasynyň 1-nji bölegi boýunça, ýagny milli ýa-da dini duşmançylygy we agzalylygy ojükdirmekde günä bildirilýär. Resmi aýyplamalar Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça derňew uprawleniýesiniň başlygy, maýor S.Gurbannazarowyň 2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda gol çeken kararynda öňe sürülýärler we dokument Bekiýewleriň iş boýunça dokumentleriň düzümine girýär.

Dokumentde Aşyrbaý we Täçmyrat Bekiýewleriň Sankt Peterburgyň hususy çörek bişirýän dükanynda işläp, “wahhabylaryň” täsiriniň astyna düşendigi we iş ýerinde yslam fundamentalizmini wagyz edendigi, şeýle-de, Orsýete okuwa baran türkmen studentlerine çörekhana işe ýerleşmäge kömek berip, olar bilen dini sapaklary geçirendigi aýdylýar.

“Memorial” guramasy Täçmyrat Bekiýewiň bu aýyplamalary ret edýändigini ýazýar.

Basyş we goldaw

Şeýle-de, maglumatda Sankt Peterburgyň musulman jemgyýetiniň Bekiýewi goldap çykyş edendigini habar berdi. 2016-njy ýylyň iýun aýynda şäheriň musulman geňeşiniň koordinasiýa merkeziniň başlygy Şamil Muhattarow Bekiýewi Türkmenistana ibermezlik barada çagyryş bilen häkimiýetlere ýüzlenip, ony “jogapkär we gowy adam”, “gowy maşgala adamsy” we “aram garaýyşly musulman” diýip häsiýetlendiripdir.

“Memorial” Bekiýewleriň Türkmenistandaky maşgala agzalaryna hem basyş görkezilýändigini habar berýär. “Iýul aýynda ejemizi MHM çagyrdylar we ogullaryň gelsin, soraglarymyza jogap bersinler-de, soň gidibersinler diýip, yrjak boldular. Kim muňa ynanar. Uýamyzy hem çagyrypdyrlar” diýip, “Memorial” Täçmyrat Bekiýewi sitirleýär.

“Memorial” guramasy Aşyrbaý Bekiýewiň işiniň yslam ekstremizmi bilen baglylykda Türkmenistana ekstradisiýa edilmek mümkinçiligine degişli mälim bolan ilkinji wakadygyny belleýär.

“Memorialyň” Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarew Türkmenistanyň dünýäniň iň ýapyk we repressiw döwletidigini aýdyp, türkmenistanlylaryň bu ýurda tabşyrylmagynyň diňe bir gynamalar we adalatly bolmadyk suda berilmek bilen çäklenilmän, türmelerde ýitirim bolmagynyň ähtimaldygyny belleýär.

Guramanyň 19-njy noýabrda ýaýradan maglumatda 2016-njy ýylyň 25-nji maýynda saklanan Aşyrbaý Bekiýewiň tussaglyk möhletiniň 23-nji noýabrda dolýandygy we bu möhletiň uzaldylmadyk ýagdaýyna geljek hepdede onuň sud ediljegini habar berilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG