Sepleriň elýeterliligi

Watikan yslam bilen gatnaşygyň ýörelgesini hödürleýär


Papa Fransis şyh Ahmed Muhammad Al-Taýeb bilen duşuşýar

Papa Fransis şyh Ahmed Muhammad Al-Taýeb bilen duşuşýar

"Yslam bilen gatnaşygyň ýörelgesi taýýardyr. Onuň üç esasy ugry: parahatçylyk, adalat we bilimdir".

Muny Papalygyň dinleriň arasyndaky raýdaşlyk geňeşiniň kätip ýepiskopy Miguel Aýuso Guiksot aýdypdyr."Teologiýa taýdan tapawutlylyklar özüni goraýandyr we bu hemmelere mälimdir. Ýöne haýsam bolsa bir teologiýa aratapawutdan daşary biz egin-egine bersek, ähliumumy peýdany ýola goýup bileris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetiripdir.

Gatnaşyklar kesilipdi

"Köpsanly yslam institutlary bilen dürli görnüşde hem diýseň baý gatnaşygymyz bar" diýip, ýepiskop belläpdir.

Ýepiskop Aýuso yslam institutlary bilen gatnaşygyň hasam ösdürilmegi barasynda söz açypdyr. Ol Papalygyň, aýratyn-da, Kairiň Al-Azhar metjidi bilen bolan gatnaşyklaryň örän wajypdygyny nygtapdyr. Al-Azhar metjidi bilen Al-Azhar uniwersiteti sünni yslam äleminiň iň abraýly merkezi hasaplanýar.

Al-Azhar 2011-nji ýylda "Mukaddes tagt-täç" bilen gatnaşyklaryny goýbolsun edipdir. Şonda ol döwrüň papasy 16-njy Benedikt täze ýyl baýramçylygy wagtynda, Iskenderiýedäki ybadathanalara gurnalan hüjümleri berk ýazgaryp çykyş edipdi. Ali Imam Ahmed al-Taýeb bolsa şonda Papanyň reaksiýasyna Müsüriň içerki işlerine "goşulyşmak" hökmünde baha beripdi.

Ýöne bu ýyl Watikan Al-Azhar bilen gatnaşyklary täzeden ýola goýupdyr. Owal 16-njy fewralda ýepiskop Aýuso Al-Azhara sapar edip, metjidiň ymamynyň orunbasary Abbas Şuman bilen gepleşik geçiripdir.

Rimde duşuşyk bolar

Ondan soň 23-nji maýda Ali Imam al-Taýeb Watikana baryp, Papa Fransis bilen görşüpdi. Ol şonda haçparazlara we musulmanlara garşy edilýän yslamçy ekstremist hüjümleri berk ýazgarypdy.

Ýepiskop Aýuso 13-nji iýulda we 23-nji oktýabrda gaýtadan Al-Azhara sapar gurnapdy.

Şeýle saparlaryň maksady "Mukaddes tagt-täç" bilen Al-Azharyň arasynda gatnaşygy resmi taýdan kämilleşdirmek üçin, Rimde duşuşyk geçirmekden ybarat bolupdyr. Göz öňünde tutulýan ol duşuşyk 2017-nji ýylyň aprel aýynda amala aşyrylar. Ýöne henize çenli onuň senesi resmi taýdan yglan edilmändir.

"Biziň Al-Azhar bilen ýola goýan gatnaşygymyzyň maksady parahatçylygyň dikeldilmegi bilen bir hatarda, köpsanly tagallany durmuşa geçirmekdir" diýip, ýepiskop Aýuso nygtapdyr.

"Parahatçylygyň ekiztaýy"

Ýepiskopyň aýtmagyna görä, bu gatnaşyklar ýörelgesiniň ilkinji ugrudyr. "Öz tagallalarymyzda biz dini diskurslary täzeden gözden geçireris we bar ünsi bu dini diskursyň musulman hem haçparaz jemgyýetde kämilleşdirilmegine gönükdireris. Bu parahatçylygyň özenidir. Bu täzeçe garaýyş, şeýlelikde, soňky wagtlarda diniň adyndan edilýän köpsanly işleriň öňüni alyp biler" diýip, ýepiskop sözüniň üstüni ýetiripdir.

Ýepiskop Aýuso: "Parahatçylygyň ekiztaýy bolan adalat bolsa ýörelgäniň ikinji ugrudyr. Her bir diniň ähli wekilleri öz ýaşaýan ýurtlarynda özüni arkaýyn hem ygtyýarly duýup, ähliumumy adamzat gymmatlygynyň we jemgyýetiň bähbidiniň kämilleşdirilmegine goşant goşmalydyr" diýipdir.

Ýepiskopyň sözlerine görä, "dini azatlyk meselesinde" Al-Azhar bilen "Mukaddes tagt-täç" hyzmatdaşlygynyň sebäbi hem hut şundan ybaratdyr.

Ýörelgäniň üçünji ugry bolsa bilimdir. Ýepiskopyň nygtamagyna görä, sowatsyzlyk gaty köp ýamanlygyň çeşmesidir. Ol "dini sowatsyzlygyň gaty ýokary derejä ýetendigini hemişe görýärdik" diýip belläpdir.

Dini bilim pugtalandyrylmaly

Ýepiskop Aýuso: "Gatnaşygyň ýörelgesi çäginde dini baştutanlara "öz jemgyýetlerinde dini bilimiň pugtalandyrylmagy barasynda çagyryş edilýär". Bu bilim beýleki adamlara sylag-hormat bilen çemeleşilmegi esasynda, başga adamlar hakda baý maglumatlary bermelidir. Özboluşly aýratynlyklar hemişe goralmaly we olaryň gadyry bilinmelidir" diýip gürrüň beripdir.

Ýepiskop Aýusonyň baştutanlyk edýän Papalygyň dini gatnaşyklar geňeşiniň halkara dini raýdaşlyk merkezi bilen Litwada ýerleşýän Adýan fondy bilelikde "Merhemet ynsanlygyň gymmaty" temaly simposium gurnapdyr. Simpozium 3-nji we 4-nji noýabrda Papalygyň Gregorian uniwersitetinde geçirilipdir. Papa Fransis ýygnaga gatnaşýan dürli dinleriň wekilleriniň öňünde açylyş çykyşyny edipdir. Ol öz çykyşynda, ylaýta-da diniň adyndan edilýän zulumlar, adam söwdasy we terrorçylyk hakda söz açypdyr.

Ýepiskop bu tagallanyň dürli dinleriň merhemetlilik baradaky pikirdir garaýyşlaryny paýlaşmagyna mümkinçilik döretmegi maksat edinendigini nygtapdyr. Onuň aýtmagyna görä, bu ugurda dini jemgyýetler "adamzada bilelikde hyzmat etmek üçin hyzmatdaşlygy" ýola goýup biler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG