Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda partladylan bombada üç ofiser öldi


22-nji noýabrda Peşawar şäherinde bolan boma partlamasyndan soň, ýörite güýçler wakanyň bolan ýerini derňeýärler.

22-nji noýabrda Peşawar şäherinde bolan boma partlamasyndan soň, ýörite güýçler wakanyň bolan ýerini derňeýärler.

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherinde ýerleşýän ýarym harby güýçlere edilen bomba hüjüminde üç ofiser öldi we başga-da azyndan bäş adam ýaralandy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, bomba 22-nji noýabrda Serhetýaka güýçleri geçip barýan mahaly partladylypdyr.

Peşawaryň esasy hassahanasynyň metbugat wekili Zulfikar Babakhel ýaralananlaryň ikisiniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi.

“Tehreek-i Talyban Pakistan” toparynyň “Jamaat-ul-Ahrar” atly fraksiýasy bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG