Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Ýewromaýdany ýatlaýan mahaly, köçelerde çaknyşyklar boldy


Ukrainada Ýewromaýdanyň üçünji ýyl dönümi ýatlandy.
Ukrainada Ýewromaýdanyň üçünji ýyl dönümi ýatlandy.

Ukrainada müňlerçe adam köpçülikleýin protestleriň başlangyjynyň 3-nji ýyl dönümini bellediler. Prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegine we Orsýetiň Krym ýarymadasyny zor bilen özüne birikdirip, gündogar Ukrainadaky pitneçileri goldamagyna şu protestler sebäp bolupdy.

Mertebe we azatlyk güni diýlip atlandyrylýan 21-nji noýabr hatyra gününe bu ýyl hökümet resmileri, öňki protestçiler we adaty ilat gatnaşyp, howpsuzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşyklarda heläk bolan protestçileriň hatyrasyna gurlan “Behişdi ýüzlük” monumentine gül desselerini goýdular.

Köpsanly adamlar Kiýewiň “Maýdan” skwerinde: “Rewolýusiýa, Rewolýusiýa” diýip gygyryşyp, Orsýetiň Ukrainanyň içeri işlerine garyşmagyny ýazgardylar. Paýtagtyň başga bir ýerinde bolsa bir topar demonstrantlar bir ors bankynyň filialynyň penjirelerini owradyp, banky akan-dökän etdiler.

Hatyra çäreleri

Agşamara bäsdeş protestçi toparlaryň arasynda, şeýle hem howpsuzlyk güýçleri bilen ownuk-uşak çaknyşyklaryň bolandygy habar berildi.

Prezident Petro Poroşenko eden bir çykyşynda halky agzybirlige, Orsýet tarapdan abanýan “howpa” garşy durmaga çagyryp, öňki sowet respublikasynyň Moskwanyň agalygyndaky geçmişe asla dolanmajakdygyny nygtady.

“Mertebe rewolýusiýasy biziň ors-sowet geçmişimize, post-sowet döwrüne atanak çekdi. Ol biziň ukrain we Ýewropa dünýämizi ors dünýäsinden aýyrdy” diýip, Poroşenko aýtdy.

Hatyra çäreleri beýleki şäherlerde-de geçirildi.

Ýewromaýdan protestleri

2013-nji ýylky protestler Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklary ýigrenç bilen ret edip, ykdysady gatnaşyklary Orsýet bilen ýygjamlaşdyrjakdygyny aýdanyndan soňra turdy.

Buzly-doňakly howada müňlerçe adam Maýdan skwerinde bir ýarym harby lagere ýygnandylar. 2014-nji ýylyň fewralynda protestler giň gerimli zorluklara öwrülip, köpsanly protestçileriň atylyp öldürilmegi we Ýanukowiçiň Orsýete gaçyp gitmegi bilen özüniň ýokary derejesine ýetdi.

Şondan soňra Moskwa çalt herekete geçip, Orsýetiň Gara deňiz flotunyň ýerleşýän ýeri bolan Krym ýarymadasyny zor bilen özüne birikdirdi, şeýle hem Ukrainanyň gündogaryndaky konflikti Kiýewiň güýçleri bilen Orsýet tarapdan goldalýan separatistleriň arasynda barýan göni urşa öwürdi.

Şonda azyndan 9600 adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG