Sepleriň elýeterliligi

Lawrow: Ukrainanyň orsýetli esgerleri tussag etmegi ‘bikanun prowakasiýa’


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainanyň orsýetli iki harby gullukçyny tussag etmegi “bikanun prowakasiýa” boldy diýdi.

Lawrow bu barada, gürrüňi edilýän iki harby Ukrainanyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edilenden iki gün soň, ýagny 22-nji noýabrda Belarusyň paýtagty Minskde çykyş etdi.

Moskwa esgerleriň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krym ýarymadasynda ele salnandygyny aýdyp, olaryň “derhal yzyna gaýtarylmagyna” çagyrdy.

Muňa garamazdan, Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy gürrüňi edilýän iki esgeriň Ukrainanyň kontrollygyndaky territoriýa geçenden soň tussag edilendigini aýdýar.

Şu aýyň başynda Russiýanyň resmileri Krymda Ukrainanyň “sabotaž toparynyň” agzasy diýlip güman edilýän bäş adamyň tussag edilendigini mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG