Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Hazaryň statusy maslahat ediler


Aşgabatda Hazaryň statusy maslahat ediler.

Aşgabatda Hazaryň statusy maslahat ediler.

Şu ýylyň dekabr aýynyň ikinji ýarymynda Aşgabatda Hazar deňziniň kanuny statusy boýunça Konwensiýany işläp taýýarlamak baradaky ýörite toparyň nobatdaky duşuşygyny guramalaşdyrmak planlaşdyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasynda habar berilýär.

Bu çärä Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrliginden delegasiýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hazar deňziniň statusy Sowet Soýuzy dargaly bäri kesgitsiz galýar.

Deňziň kanuny statusyny kesgitlemek boýunça bäş döwletiň arasynda döredilen ýörite işçi toparyň soňky maslahaty 2016-njy ýylyň oktýabr aýynyň 24-ne Tähranda geçirilipdi.

Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň ýörite wekilleri we daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, şeýle-de Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif gatnaşypdy.

XS
SM
MD
LG