Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýy ýaramazlaşýar


Owgan howpsuzlyk güýçleri

Owgan howpsuzlyk güýçleri

Owganystanyň prezident edarasynyň metbugat wekili Şahusain Mürtezewiniň aýtmagyna görä, ýurduň ýaragly güýçleri 30-a golaý terrorçy topar bilen ýüzbe- ýüz söweşipdir. “Jeňçiler Owganystanyň dürli regionynda hereket edýärler. Talybandan başga-da, onlarça terrorçy toparlar, Yslam Döwleti atly toparam herekete başlady, jeňçiler demirgazyk Owganystanda-da barha güýçlenýärler. Terrorçylyga garşy göreş boýunça owgan güýçleri harby çäre geçirýärler, şuňa garamazdan ýurduň howpsuzlyk şertleri ýaramazlygyna galýar, gyş aýlarynda jeňçilere garşy göreş netije berer diýen umyt bar” diýip, Mürtezewi belledi.

Kabulda 21-nji noýabrda şygalaryň bir metjidinde amala aşyrylan janyndan geçen hüjümçiniň jogapkärçiligini YD öz üstüne aldy. Bu hüjümde 30 töweregi adam heläk boldy, 70-e golaý ynsan ýaralandy. Ölen we ýaralananlaryň arasynda aýal we çagalaram bar we hüjüme duçar bolanlaryň hemmesi asuda ilatdy.

Owganystanyň Haç we Owkap Ministrniň orunbasary Daýulhak Abydynyň aýdyşyça, bir ýylyň dowamynda Owganystanda şyga bilen sünnileriň arasynda agzalalyk döretmek islenýänler şygalaryň dini ybadathanalaryna yzygiderli hüjüm edilýärler. “Bu ýagdaý bizi gaty biynjalyk edýär, ybadat edilýän jaýlarda terror hüjümleriň öňüni almak üçin, Owganystanyň howpsuzlygy goraýjy güýçleri alada etmelidir” diýip, Abydy aýtdy.

Demirgazyk Owganystanda hem YD güýçleri ýerleşipdir Mazar-e-Şerif şäherinde jeňçiler şygalaryň matam ýörişine arada hüjüm edende, 14 adam öldi. Owganystanyň milli mejlisiniň ýokary palatasynyň agzasy Senatyr Muhammad Asyf Syddykynyň aýdyşyna görä, YD jeňçileriniň Owganystanda ýaramaz planlary bar. “Olar Owganystanyň halkyny bir-birine duşman etmek isleýär, şeýdibem Owganystanda öz maksadyny ýola goýmagy göz öňünde tutýar. Onuň üçin Owganystanyň halky hüşgär bolmalydyr, ýogsa şyga-sünni dawasy ýüze çykyp biler” diýip, Senatyr aýdýar.

Owganystanda YD militanlarynyň köpelýändigine Orsiýet hem howatyrlanma bildirýär, şonuň üçin Orsiýetiň talyban bilen hyzmatdaşlyk edýändigi orta çykdy.

Owganystanly harby bilermen Muhammad Tahir Ýargal “Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Orsiýet öz bähbidini Owganystandan gözleýär” diýdi. YD Owganystanda daşary güýçleriň kömegi bilen ýaýraýar, ýerli ýaraglylar olara tabyn bolýar. Bu toparyň jeňçileriniň Owganystana toplanmagy adaty ýagdaý däldir, bu mesele YD toparynyň demirgazyk Owganystanda baş götermegi Merkezi Aziýa ýurtlary üçin hasam howply” diýip, Ýargal bildirdi.

Soňky günlerde demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk görlüp-eşidilmedik derejede ýaramazlaşdy. Türkmen-Owgan serhediniň golaýynda jeňçiler hereket edýärler. Olaryň arasynda merkezi aziýaly militanlaryňam bardygy mälim edilýär.

Syýasy synçy Jawid Köhistanynyň aýtmagyna görä, Badagşandan başlap, Farýaba çenli daşary ýurtly jeňçiler ýerleşipdir. “Jeňçileriň aglabasy Özbegistanyň yslam hereketiniň agzasydyr. Owgan güýçleri daşary ýurtly jeňçileriň oňüni almagy başarmady. Seripul welaýatynda merkezi aziýaly jeňçileriň harby bazasy bar. Olar söweş hereketlerine ýolbaşçylyk edýär. Demirgazyk Owganystanda täze oýun başlandy” diýip, Köhistany nygtaýar.

Demirgazyk Owganystanyň üç welaýaty Türkmenistan bilen serhetleşýär. Türkmenistan bilen serhetleşýän Farýap welaýatynda howpsuzlyk şertleri hasam ýaramaz. Farýap-Jöwüzjan şaýoluny jeňçiler yzygiderli kesýär.

Türkmenistandan iberilýän elektrik geçiriji desgasyna jeňçiler zyýan ýetirýärler. Türkmenistandan Owganystanyň Andhoý etrabyna çenli demirýol gurluşygyna başlamaga taýýarlyk görýär, şonuň üçin jeňçilere garşy harby operasiýanyň başladylandygyny Farýap welaýatynyň Häkimi Seýid Enwer habar berdi. Andhoý-Meýmene şaýolunyň jeňçilerden arassalanandygyny häkim mälim etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG