Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: mugallyma 13 ýaşly okuwçyny satjak bolanda tutuldy


Arsen Awakow

Arsen Awakow

Ukrain häkimiýetleri 13 ýaşly gyzy 10 müň dollara satjak bolan mugallymany tutandyklaryny aýdýarlar.

Içeri işler ministri Arsen Awakow bu iş barada 22-nji noýabrda, Feýsbukda habar berdi. Ol satyljak bolan gyz bilen ony satmaga çalşan mugallymanyň hem suratyny çap etdi.

Ol gyz gündogardaky Harko sebitinde, ýetim çaglaryň mekdep-internatynda ýaşaýan eken.

Ukrain mediasy güman edilýän mugallymanyň adynyň Galina Kowalenkodygyny, onuň ukrain we rus dillerinden sapak berendigini aýdýar.

"Olar satyjyny jenaýatyň üstünde, gyzy alyjylara getirip, puluny alanda tutdylar» diýip, içeri işler ministri aýtdy.

XS
SM
MD
LG