Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Kaşmirde 11 adamyň ölendigini aýdýar


Kaşmiriň hindi bölegine gözegçilik edýän esger.

Kaşmiriň hindi bölegine gözegçilik edýän esger.

Pakistanyň resmileri Kaşmiriň Hindistan tarapyndan gözegçilik edilýän sebitinden atylan artilleriýa topunyň içi ýolagçyly awtobusa degendigini we wakada azyndan dokuz adamyň ölendigini aýdýarlar.

Atylan toplar sebäpli Kaşmiriň de facto, ýagny iş ýüzündäki serhediniň golaýynda parahat ilatdan başga-da iki adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

Pakistan armiýasy hindi harbylaryna garşy garşylyklaýyn ok açandyklaryny hem mälim etdiler.

Hindi harbylarynyň metbugat wekili Pakistanyň esgerleriniň “tertipsiz” ýagdaýda ot açyp, çaknyşygy başladandygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG