Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan ÝB-däki ses berilişigiň “ähmiýetiniň ýokdugyny” aýdýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýäni agzalyga almak boýunça gepleşikleri togtadyp-togtatmazlyk ugrundaky ses berilişigini tankytlady.

Erdogan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (IOC) Stambuldaky sammitiniň dowamynda eden çykyşynda “netije nähili hem bolsa, onuň biziň üçin ähmiýeti ýokdur” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky Bileleşigiň agzalary tarapyndan berlen sözleriň “hiç biriniň yzynda durulmandygyny” öňe sürdi.

Ýewropa Parlamentiniň öňdebaryjy wekilleri Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşykdan soň Erdoganyň syýasy garşydaşlaryna başladylan basyşlar sebäpli, Türkiýäni agzalyga almak gepleşikleri togtatmaga çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG