Sepleriň elýeterliligi

Tramp ABŞ-ny Pariž şertnamasyndan çykarmak wadasyndan yza çekilýär


Donald Tramp "New York Times" gazetindäki duşuşykdan soň, 22-nji noýabr, 2016 ý.

Donald Tramp "New York Times" gazetindäki duşuşykdan soň, 22-nji noýabr, 2016 ý.

Respublikanlaryň saýlanan prezidenti Donald Tramp öz adminstrasiýa toparyny düzmegi dowam etdirmek bilen, klimat özgermesi boýunça Pariž şertnamasyndan çykmak barada prezidentlik kampaniýasy mahalynda beren wadasyndan yza çekilýär.

Tramp 22-nji noýabrda, «New York Times» gazetiniň žurnalistleri bilen bolan söhbetdeşlikde özüniň adamlaryň işleri bilen global maýlamanyň arasynda käbir baglanyşyklaryň bolandygy barada pikir edýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlary howanyň gyzmagyna sebäp bolýan gazlary azaltmaga gönükdirilen Pariž şertnamasyndan çykarmak barada, faktlary öwrenmezden, gyssanmaç karar çykarmajagyny bildirdi.

Tramp prezidentlik kampaniýasy mahalynda Birleşen Ştatlaryň bu şertnamadan ýüzüniň ugruna yza çekjegini aýdyp, tebigaty goraýjylary we alymlary alada goýupdy.

Mundanam başga, Tramp söhbetdeşlik mahaly özüniň demokrat bäsdeşi Hillari Klinton babatdaky pozisiýasyny hem ýumşatdy. Ol ozal ony, döwlet sekretary bolup işlän mahalynda hususy elektron poçtasyny ulanandygy üçin, derňewe çekjekdigini aýdypdy.

Bu onuň dyzmaç tarapdarlarynyň saýlaw kampaniýasynyň üýşmeleňlerinde «Ony türmä bas!" diýip gygyryşmaklaryna esas bolupdy. Şeýle-de bu ýagdaý köp amerikalynyň ABŞ-nyň demokratik sistemasynyň durnuksyzlaşmak ähtimallygyndan alada galmagyna getiripdi.

"Men Klintonlary ynjytmak islemeýärin, hakykatdanam islämok" diýip, Tramp söhbetdeşlikde aýtdy. "Ol örän kän hupbat gördi we köp ugurdan ejir çekdi" diýip, saýlanan prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

20-nji ýanwarda prezidentlige başlaýan Tramp Orsýet bilen gatnaşyklary ol ýa-da beýleki görnüşde «täzeden gurmaklygy» ret etdi, emma Waşington bilen Moskwanyň ylalaşmagy, hususan-da Siriýa meselesinde bir pikire gelmegi gowy bolar diýen pozisiýasyny gaýtalady.

Ol Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky urşy barada aýdan sözlerini hem gaýtalady we ony «biziň ýurdumyzyň taryhyndaky iň uly ýalňyşlyklaryň biri" diýip atlandyrdy.

Tramp özüniň Siriýadaky alty ýyllyk raýat urşy babatynda «berdaşly ideýalarynyň» bardygyny aýtdy, ýöne jikme-jiklikleri aýtmakdan ýüz öwürdi.

“Biziň Siriýada dowam edýän däliligi soňlamagymyz gerek” diýip, ol aýtdy.

Moskwa gozgalaňçylara garşy söweşde Siriýanyň režimini goldady, emma Waşington has aram pitneçilere goldaw berdi we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň iş başyndan gitmegini isleýär.

Şeýle-de Tramp Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň terrorçylyk ýaly umumy alada döredýän meselelerde bir hörpden gopmalydygy barada ozal aýdan sözlerini gaýtalady.

Emma ol aragatnaşygyň bu hili gowulaşmasynyň “gaýtadan gurmak”diýip atlandyrmagyny ret etdi.

Trampyň bäsdeşi Hillari Klintonyň döwlet sekretary bolan döwründe, Moskwa bilen gatnaşyklary gowulandyrmak üçin, hut şeýle aňlatma ulanylypdy. Emma bu tagallalar puç boldy we indi Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesi Sowuk uruşdan bäri iň pes ýagdaýa düşdi.

“Men bu bolan zatlardan soň ol aňlatmany[gaýtadan gurmak] ulanmaryn” diýip, Tramp aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG