Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat wagty BMG-niň websaýty Türkmenistanda petiklendi


Türkmenistanda BMG-nyň Adam hukuklary boýunça baş komissarynyň resmi websaýty petiklendi, 22-nji noýabr, 2016.
Türkmenistanda BMG-nyň Adam hukuklary boýunça baş komissarynyň resmi websaýty petiklendi, 22-nji noýabr, 2016.

Türkmenistanda 22-nji noýabrda BMG-nyň Adam hukuklary boýunça baş komissarynyň resmi websaýty işlemedi diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri aýdýarlar.

Habar berlişine görä, adatça Türkmenistanda açyk görnüşde elýeterli bolan resmi sahypalaryň biri BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissarynyň resmi websaýty irden başlap tutuş günüň dowamynda açylman, diňe internet serişdelerini petiklemek boýunça ulanylýan emeli böwetlerden geçmäge ýardam berýän proksi saýtlaryň üsti bilen elýeterli bolupdyr.

Agzalan sahypanyň petiklenendigi baradaky habar BMG-nyň Gynamalar boýunça komitetiniň Türkmenistanyň bäş ýylda bir gezek berýän resmi hasabaty boýunça diňlenişigiň geçirilen gününe gabat geldi.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça baş komissarynyň resmi websaýty 21-nji we 22-nji noýabrda türkmen resmileriniň gatnaşmagyndaky diňlenişik barada habary, şeýle-de, Türkmenistanyň resmi hasabatynyň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň maglumatlarynyň doly mazmuny öz içine alýar.

BMG-nyň Gynamalara we rehimsizlige, adamkärçilige ters gelýän ýa-da adam mertebesini kemsidýän beýleki gatnaşyklara hem jezalara garşy halkara konwensiýasynyň talaplarynyň berjaý edilişi boýunça Ženewada geçirilýän bir aýylyk maslahatda Türkmenistanyň 2011-nji we 2015-nji ýyllar aralygyndaky döwür boýunça hasabatyny ýurduň Adalat ministriniň orunbasary Meret Taganowy, ýurduň baş sudunyň, prokuraturasynyň, daşary işler ministrliginiň we parlamentiniň agzalaryny öz içine alýan resmi topary hödürledi.

Emma türkmen resmileriniň çykyşy milli kanunlary okamakdan ybarat bolup, BMG-nyň resmilerinde örän köp sorag döretdi diýip, maslata gatnaşanlar Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Şeýle-de, maslahatda Türkmenistanyň gynamalar meselesi boýunça görlen resmi çäreler barada gapma-garşy maglumatlary berendigine üns berlip, hususan-da, hasabatyň bir ýerinde gynamalar düşünjesiniň we jogapkärçiligiň kanunlaşdyrylandygy, emma arza-şikaýatyň bolmandygy aýdylan bolsa, ýene bir ýerinde 14 wakanyň derňelendigi, emma olaryň tassyklanmandygy bellenipdir.

Gynamalara garşy konwensiýa 1999-njy ýylda goşulan we BMG-nyň gynamalara garşy komitetine ikinji gezek resmi hasabat berýän Türkmenistan öz türmelerinde ýitirim bolan, şol sanda 2002-nji ýylda öňki prezidentiň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplanyp tussag edilen öz raýatlarynyň ykbalyny, şeýle-de, Azatlyk radiosynyň 2015-nji ýylyň tomsunda tussag edilen habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyny aýdyňlaşdyrmady.

Türkmen resmileri Gynamalara garşy komitetiniň agzalarynyň bu mesele barada beren takyk soraglaryna-da jogap bermedi.

Türkmenistanda garaşsyz habar çeşmeleriniň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary häkimiýetler tarapyndan ýyllarboýy petiklenýär. Döredilýän emeli böwetlerden proksi saýtlar arkaly girip bolýar.

Azatlyk Radiosynyň türkmen we rus dillerindäki websaýtlaryna Türkmenistandan Psiphon 3 proksi ulgamy arkaly girmek mümkin.

XS
SM
MD
LG