Sepleriň elýeterliligi

"Tramp hiç haçan musulmanlaryň aýratyn hasaba alynmagyny islemändir"


Amerikadaky musulmanlardan biri

Amerikadaky musulmanlardan biri

Donald Trapmyň geçiş toparynyň metbugat geňeşçisiniň öňe sürmegine görä, ol "hiç haçan" dini ynanjy boýunça adamlaryň aýratyn hasaba alynmagy barasynda "çagyryş etmändir". Ýöne muňa garamazdan, ABŞ-yň täze saýlanan prezidentiniň hut şeýle sözler aýdandygyny görkezýän wideo ýazgylar bar.

"Dogry däl"

Trampyň geçiş toparynyň aragatnaşyk boýunça müdiri Jason Miller golaýda täze dolandyrylşygyň ABŞ-a barýan musulmanlaryň aýratyn hasaba alynmagy baradaky habarlara jogap beripdir. Jogap beýannamasynda şeýle diýilýär:

"Täze saýlanan prezident Tramp hiç haçan adamlary dini ynançlaryna görä aýratyn hasaba almak ýa-da şeýle esasda bir ulgam döretmek barasynda çagyryş etmedi we muny etdi diýmek dogry däldir.

Terrorçylykly işleriň agdyklyk edýän ýurtlaryndan barýan daşary ýurtlularyň aýratyn hasaba alynmagy Buş we Obama dolandyrlyşyklary wagtynda bar bolan bir kada. Bu kada howpsuzlyk we kanun goraýjy guramalaryň ýurdumyzyň durnuklylygyny goramagyna kömek etdi. Täze saýlanan prezident kasam kabul edenden soň, özüniň bu ugurdaky tagallalaryny halk köpçüligine ýetirmegi göz öňünde tutýar".

Ýöne jenap Milleriň beýannamasy 2015-nji ýylyň noýabr aýynda, Aýowa ştatynyň Nýuton şäherinde kampaniýa çäresi mahalynda düşürilen wideo ýazgyda aýdylanlara doly gabat gelmeýär.

"Elbetde, muny amala aşyrardym"

Wideo ýazgyda "NBC News" telekanalynyň žurnalistiniň musulmanlar baradaky hasabat ýygyndysynyň döredilip-döredilmejekdigi barada beren sowalyna Tramp şeýle diýipdir: "Elbetde, men muny amala aşyrardym. Elbetde".

Žurnalistiň "Musulmanlar ol hasabat ýygyndysyna kanun esasynda hasaba durmaly bolarmy?" diýen soragyna Tramp şeýle jogap berýär: "Olar muny hökman edäýmeli". Aradan az salym geçensoň ol sözleriniň üstüni şeýle ýetirýär: "Hasabat ýygyndysyndan daşaryn hem köp görnüşli ulgamlar bolmalydyr. Biziň dürli ulgamlarymyz bolmaly".

Ol wideo ýazgy şol wagt giňden ýaýrapdyr we Amerikanyň yslam gatnaşyklary geňeşi (CAIR) bilen bilelikde, Trampyň syýasy bäsdeşleri, şol sanda J. Buş we Hillary Klinton tarapyndan hem berk ýazgarylýar.

Wideo ýazgydan soň žurnalist Trampdan musulmanlaryň aýratyn hasaba alynmagy bilen milletparaz Germaniýada ýahudylaryň hasaba alynmagynyň arasyndaky aratapawudy soraýar. Tramp oňa: "Aratapawudy özüň bilýäň" diýip jogap berýär.

Žurnalist soragyny gaýtalaýar welin, Tramp oňa ýene şeýle jogap berýär: "Belki, aratapawudy özüň aýdarsyň?"

Geňeşçileri aýratyn hasaba almakdan söz açýar

Trampyň bu hereketiniň sarkazmdygyny ýa-da onuň dogrydanam sowala jogap berip bilmän şeýle gürländigini aýtmak ikuçly. Onuň wekilleri hem meselä derrew düşündiriş bermeýärler.

Täze prezidentiň geçiş toparynyň geňeşçisi, migrantlara garşy berk syýasatyň tarapdary Kris Kobaç bolsa, Tramyň geňeşçileriniň göçüp gelýän musulmanlaryň aýratyn hasaba alynmagy barasynda pikirlenýändigini aýdypdyr.

"Amerika ugrundaky adamlar" atly tagallaçy toparyň baştutany Michael Keegansa hem: "Ikinji Jahan urşy mahalynda asly ýapon bolan amerikalylaryň tussag edilmegi döwletimiziň taryhyna basylan biabraýçylykly elhenç tagmadyr. Ähli gatlaklarda jogapkär orunlary eýelän respublikançylar biziň musulmanlarymyzy ýa-da haýsam bolsa başga bir azlygy nyşana almak bilen ýene şeýle biabraýçylygyň gaýtalanjakdygyny ýaňzydýan çykyşlary etmekden gaça durmaly däldir... Donald Trampyň kampaniýa mahalynda musulmanlary aýratyn hasaba almak barasynda söz bermegi esasy kanuna we amerikan ähliumumy gymmatlygyna gabat gelmeýän hereketdir".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG