Sepleriň elýeterliligi

Siriýada üç türk esgeriniň ölendigi aýdylýar


Türk esgeri.

Türk esgeri.

Siriýanyň demirgazygynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň amala aşyran hüjüminde üç türk esgeri öldi we başga-da ýedi sanysy ýaralandy diýip, 24-nji noýabrda “Dogan” habar agentligi habar berdi.

Bu waka türk harbylary tarapyndan goldanylýan siriýa pitneçileri ýurduň demirgazygyndaky Al Bab sebitinde hüjümleri amala aşyrýan mahaly boldy diýip, hususy eýeçilikdäki habar agentligi aýdýar. Maglumatda hüjümiň haçan bolandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

“Reuters” habar agentligi özüniň howpsuzlyk gullugyndaky we keselhanadaky çeşmelerine salgylanyp, ýaralanan esgerleriň Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golaýyndaky Kilis we Gaziantep welaýatlaryna geçirilendigini habar berdi.

Şu hepde Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan türk harbylary tarapyndan goldanylýan siriýa pitneçileri Jarabulus, Al Raý we Danik ýaly sebitleri “Yslam döwleti” toparyndan azat edensoň, indi Al Bab regionyny yzyna almagy maksat edinýär diýipdi.

XS
SM
MD
LG