Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Parlamenti rus propogandasyna garşy göreşmäge çagyrýar


Ýewropa Parlamenti rus propogandasyna garşy göreşmäge çagyrýar.
Ýewropa Parlamenti rus propogandasyna garşy göreşmäge çagyrýar.

Ýewropa Parlamenti Russiýa tarapyndan Ýewropa Bileleşigine garşy “duşmançylykly propogandanyň” artýandygyny duýduryp, Bileleşige agza ýurtlary ýalan maglumatlara garşy göreşmek tagallalaryny güýçlendirmäge çagyrdy.

Bu hereket, rus prezidenti Wladimir Putiniň gahar-gazaply gaýtawul bermegine sebäp bolup, ol Ýewropa Parlamentini Russiýany demokratiýa babatda ýazgarmakda tankyt etdi.

23-nji noýabrda Ýewropa Parlamentiniň kanunçykaryjylary Russiýanyň “RT” tele-kanaly we “Sputnik” habar agentligi ýaly döwlet eýeçiligindäki media serişdeleriniň “düýbünden galp” habarlary ýaýratmagyny ýazgarýan resminamany goldap ses berdiler.

Şeýle-de, olar Kreml galp maglumatlary ýaýratmak, demokratik gymmatlyklary ýoýmak we Ýewropany bölmek üçin “gurallaryň dürli görnüşini”, şol sanda barlag merkezlerini, köpdilli telewideniýe merkezlerini, “galp habar agentliklerini” we sosial mediany ulanýar diýdiler.

XS
SM
MD
LG