Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Hindistana duýduryş berdi


Hindistanyň serhet güýçleriniň agzasy.
Hindistanyň serhet güýçleriniň agzasy.

Pakistanyň howa güýçleriniň başlygy Marşal Sohail Aman Hindistany Kaşmir regiony bilen baglanyşykly dawanyň möwjemeginiň doly masştably urşa öwrülmegine garşy duýduryş berdi.

Amanyň 24-nji noýabrda eden duýduryşy Kaşmir regiony sebäpli iki ýurduň arasyndaky dartgynlylyklaryň artýan mahalyna gabat geldi.

Ol eger Hindistan bu krizisi möwjetse, onda Pakistanyň goşuny “munuň bilen nähili çemeleşmelidigini doly biler” diýdi.

Pakistanyň harbylary 23-nji noýabrda Kaşmiriň pakistan tarapynda amala aşyrylan hindi hüjümlerinde azyndan 11 adamyň ölendigini aýtdy. Bu soňky hepdelerde hindi-pakistan serhedinde bolan iň ýowuz çaknyşykdyr.

XS
SM
MD
LG