Sepleriň elýeterliligi

Orazow: Moskwa Aşgabada basyş etjek bolýar


Türkmen we rus prezidentleri gepleşik geçirýär. Soçi, 1-nji noýabr, 2016

Türkmen we rus prezidentleri gepleşik geçirýär. Soçi, 1-nji noýabr, 2016

«Gazpromyň» prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Waleriý Golubew žurnalistlere Türkmenistanyň Orsýet Federasiýasynyň öňünde türkmen gazyny satyn almagy dikeltmek meselesini goýmandygyny aýtdy.

Orsýetiň «Nowosti» habar gullugynyň 23-nji noýabrda beren maglumatyna görä, rus prezidenti Wladimir Putin bilen onuň türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda noýabryň başynda bolan duşuşykda iki ýurduň togtadylan gaz söwdasyny dikeltmek barada asla gürrüň edilmändir.

«Ol ýerde başga mesele goýmalydy. Emma ol hiç hili goýulmady» diýip, Golubew žurnalistleriň Türkmenistan «Gazpromyň» türkmen gazyny satyn almagy dikeltmegi barada mesele goýdumy diýip beren soragyna jogap berende aýtdy diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Metbugat habarlaryndan belli bolşuna görä, «Gazprom eksport» 2015-nji ýylyň iýun aýynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen haklaşmak üçin Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýerleşýän arbitraž suduna ýüz tutdy.

Rus kompaniýasynyň arbitraž suduna ýazan şikaýatynda «Türkmengaz» döwlet konserninden satyn alynýan tebigy gazyň bahasyna gaýtadan seretmek talap edilýärdi. Ýöne Aşgabat bu talapdan soň «Gazpromy» 2015-nji ýylyň başyndan bäri «Türkmengazdan» satyn alan gazynyň bahasyny tölemezlikde aýyplady we ony öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge ukypsyz kompaniýa diýip yglan etdi.

Mundanam başga, «Türkmengaz» 2016-njy ýylyň ýanwarynda «Gazpromyň» 1-nji ýanwardan öz bilen baglaşan şertnamasynywagtyndan öň togtadandygyny aýtdy.

Rus kompaniýasy öz kararynyň sebäbini «Türkmengazyň» şertnamanyň düzgünlerini gödek bozandygyny aýtmak bilen delillendirdi. Munuň üstesine, «Gazprom» türkmen tebigy gazyndan ýüz öwren badyna, ara salym salman, Özbegistanyň gazyny satyn almak baradaky şertnama gol çekdi.

Prezident Berdimuhamedowyň rus kärdeşi bilen duşuşygy «Gazpromyň» sentýabrda türkmen gazyny satyn almagy 2018-nji ýylyň aýagyna çenli bes edendigini, ýagny iki ýyllyk pauza alandygyny we şoňa çenli iki tarapyň arasynda amatly çözgüt tapmaga çalşyljagyny yglan etmeginiň yz ýanlaryna gabat geldi.

Rus habar serişdeleriniň maglumatyna görä, prezident Putin bu duşuşykda «Biziň heniz çözülmedik meselelerimiz hem bar. Biz bu gün şolaryň ählisine serederis” diýipdir.

Türkmenistanyň «Watan» jemgyýetçilik-syýasy hereketiniň başlygy, Şwesiýada bosgunlykda ýaşaýan ozalky bankir Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz söwdasynyň dikeldilmezliginiň ýa-da bu söwdany dikeltmegiň töwereginde barýan çekişmäniň detallarynyň metbugatda doly aýdylmazlygynyň hem syýasy, hem ykdysady sebäpleri bar.

Ykdysatçy Orazowyň ynanjyna görä, Moskwanyň Aşgabadyň gazyndan ýüz öwürmeginiň ilkinji sebäbi ykdysady ýagdaý, ýagny gazyň bahasynyň aşak gaçmagy, üstesine Orsýetiň öz gazynyň hem köp bolmagy bilen bagly.

Ol Aşgabadyň öz gazyny gymmadrak satjak bolandygyny, Moskwanyň bolsa ony mümkin boldugyça arzan aljak bolandygyny, esasy dawanyň şundan başlanandygyny aýdýar.

Ýöne ykdysatçy iki prezidentiň duşuşygynda gaz meselesiniň gozgalmandygy barada aýdylýanlara o diýen ynanmaýar.

Orazowyň Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, «Gazprom» bilen «Türkmengazyň» arasyndaky dawanyň ikinji esasy sebäbi syýasy mesele bolup durýar.

«Aslynda bu ýerde syýasat bilen ykdysadyýet bir-birine berk bagly we Orsýet Aşgabady, kömek edäýen ýagdaýynda, başga meseleler boýunça hem özüne baglajak bolýar» diýip, türkmen aktiwisti aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG