Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Kaşmir dawasynyň urşa ýazyp biljekdigini aýdýar


Pakistanyň esgerleri
Pakistanyň esgerleri

Pakistanyň harby howa güýçleriniň başlygy, marşal Sohail Aman jedelli Gimalaý territoriýasy Kaşmir baradaky dawanyň doly gerimli urşa ýazmagyna garşy Hindistana duýduryş berdi.

Amanyň 24-nji noýabrda eden duýduryşy Kaşmir sebäpli iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygyň gitdigiçe möwjeýän mahalyna gabat gelýär.

“Biz Hindistan barada hiç bir iş edemzok, olar hetdenaşalyk etmeseler gowy bolar” diýip, Aman aýtdy.

Ol: “Hindistan bu krizisi möwjetse, Pakistanyň goşuny “olar bilen näme iş salyşmalydygyny doly biler” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Pakistanyň harbylary Hindistanyň 23-nji noýabrda Pakistan tarapyny top okuna tutmagy netijesinde azyndan 11 adamyň heläk bolandygyny aýdýarlar. Bu soňky hepdelerde bolan serhet çaknyşyklarynda has köp adam ýitgisine getiren hadysadyr.

Hindi goşunynyň bir sözçüsi Pakistanyň harbylaryny günäläp, olaryň Hindistanyň golaýdaky harby postlaryna “parh goýman” ot açandygyny aýtdy.

Soňky wagtlarda Pakistan bilen Hindistan atom bombaly iki ýurduň arasyny bölýän kontrollyk liniýasynyň iki tarapynda birek-birege ot açdylar.

Golaýda sentýabr aýynda ýarym harby söweşijiler Hindistanyň Kaşmirdäki bir harby bazasyna hüjüm edeninden soňra, iki ýurduň arasyndaky dartgynlylyk has-da artdy.

Hindistan ol ýarym harbylary Pakistanyň goldandygyny aýdýar, Yslamabat hem muny ret edýär.

XS
SM
MD
LG