Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat jynsy kemsitmeler boýunça hasabat berer


Türkmenistan, buluç aýallary

Türkmenistan, buluç aýallary

BMG-niň Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşini ýok etmek baradaky komiteti 30-njy noýabr -1-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işlerine baha berer.

Birleşen Milletler guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň 24-nji noýabrda, Ženewadan ýaýradan maglumatyna görä, Türkmenistan ýurtda jynsy diskriminasiýanyň ähli görnüşini aradan aýyrmak boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişi barada hasabat berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan jynsy diskriminasiýanyň ähli görnüşini ýok etmek boýunça halkara konwensiýany tassyklan 177 döwletiň biri bolup, yzygiderli ýagdaýda, jynsy alamatlar esasynda kemsitmeleriň ýok edilişi barada BMG-niň ýörite komitetiniň 18 sany halkara garaşsyz ekspertiniň öňünde hasabat bermeli.

BMG-niň ýaýradan habaryna görä, Türkmenistanyň hasabaty 30-njy noýabrda, agşam sagat 15:00 – 18:00 (19:00 - 22:00) we 1-nji dekabrda ir sagat 10:00 – 13:00 (14:00 – 17:00) aralygynda, Ženewadaky Wilson köşgünde diňleniler.

Mundan öň, ýagny 21-22-nji noýabrda Türkmenistan BMG-niň Adam gynamalaryna garşy göreş baradaky komitetinde hasabat berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG