Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Otlular çakyşanda 31 adam öldi


Eýran, otly hadysasy

Eýran, otly hadysasy

Eýranyň demirgazyk-merkez welaýaty Semnanda iki sany ýolagçy otlusy çakyşanda onlarça adam öldi. "31öliniň şahsyýeti anyklandy, 70-den gowrak adam hassahana ýerleşdirildi" diýip, Semnanyň gubernatory Mohammad Reza Khabbaz aýtdy.

PressTV ýerli resmilere salgylanyp, bu hadysanyň Şahroud şäheriniňHaft-Han stansiýasynda, 25-nji noýabr güni irden bolandygyny aýdýar.

Eýranyň Gyzylýarymaý jemgyýetiniň Kömek we halas ediş guramasynyň sözçüsi Mostafa Mortazawi häzire çenli bäş adamyň ölendigi, 11 adamyň ýaralanandygy tassyk boldy diýdi. Şonuň bilen bir wagtda, ölenleriň sanynyň ýokarlanmagyndan howatyr edilýär.

Otlular çakyşanda dört wagon relsden agyp, iki wagon ot alypdyr.

Resmi maglumatlara görä, Eýranyň ýollarynda her ýyl ortaça 17 müň çemesi adam ölýär.

XS
SM
MD
LG