Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe, ÝB iteklese, migrantlara serhedi açjakdygyny duýdurýar


Rejep Taýyp Erdogan

Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ýewropa parlamenti ÝB-niň Ankara bilen agzalyk gepleşiklerini wagtlaýyn togtatmagyna ses bereninden bir gün soň, Türkiýäniň Ýewropa barýan bikanun migrantlar üçin öz serhedini serpip açyp biljekdigini duýdurdy.

"Biz bu ýurtda 3-3.5 million bosguny naharlaýan adamlar, siz öz beren wadaňyza ikilik etdiňiz" diýip, Erdogan 25-nji noýabrda Stambulda sözlän sözünde Ýewropa Bileleşigine ýüzlenip aýtdy.

"Eger-de siz mundan aňryk gitseňiz, serhet derwezeleri açylar" diýip, ol aýtdy.

Ýewropa parlamenti 24-nji noýabrda Türkiýäniň ÝB-ä goşulmagy barada Ankara bilen alnyp barylýan gepleşikleri doňdurmagy sese goýdy.

XS
SM
MD
LG