Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylda azan gadagan bolup biler


Benýamin Netenýahu (çepde)
Benýamin Netenýahu (çepde)

Benýamin Netenýahu Ysraýylda metjitlerden aýdylýan azana çäklendirme girizmek barasynda mejlisiň kanun taslamasynyň tarapyny tutýar.

Synçylar bolsa bu kanun taslamasyny dini azatlyga abanýan howp hasaplaýarlar.

Manysyz agzalalykmy?

Benýamin Netenýahu Ýewropada azan okaýanlaryň sesi güýçlendirýän enjamlardan peýdalanmagyny çäklendirýän gadaganlykdan peýdalanýan ýaly edip, öz ýurdunda günde bäş gezek okalýan azany goýbolsun etdirmäge synanyşýar. Netenýahu kanun taslamasynyň maslahatlaşylýan mahaly şeýle ädimi goldajakdygyny bildiripdir. Köp sanly ysraýylly bolsa bu kanun taslamasynyň "biderek manysyz agzalalygy döretjekdigini" pikir edýär.

"Men anyk sanyny bilemok, ýöne ysraýyl jemgyýetiniň ähli gatlaklaryndan, tapawutly dinlere wekilçilik edýän köp sanly raýat maňa ýüzlenme bilen haýyş edip... eşidilýän gaty sesden biynjalyk bolýandygyny bildirdi" diýip, Netenýahu aýdypdyr.

"Kanun taslamasynyň ýeke-täk maksady..."

Resmiler kanun taslamasynyň ähli ybadat ýerlerine degişli boljagyny aýtsa-da, gaty köp ysraýylly onuň hut metjitleri nyşana aljagyny pikir edýär. Palestin jemgyýetiniň aglaba köpçülikde ýaşaýan Gündogar Iýursalimde uzak günläp azan okaýanlaryň sesi eşidilýär.

"Bu şowhunly kanun taslamalarynyň maksady arap ilatyna garşy ýigrenç we agzalalyk döretmek" diýip, Birleşen garaýagyzlar bileleşiginiň ýolbaşçysy hem mejlisiň oppozisiýadaky agzasy Aýmen Odeh "The Times of Israel" gazetine beren beýannamasynda aýdýar we sözüniň üstüni şeýle ýetirýär: "Ses (şagalaň) bilen baglanyşykly kanunlar... bar we olar metjitleri hem öz içine alýar. Şonuň üçinem bu kanun taslamasynyň ýeke-täk maksady metjitleri problemanyň çeşmesi ýaly görkezmek bolýar. Bu musulmanlaryň dini azatlygyna aç-açan edilýän hüjümdir. Bu şol bir wagtyň özünde premýer ministriň öňüni çekýän agzalalyk tagallasynyň hem dowamydyr".

Ysraýylyň demokratiýa institutyndan Nasreen Hadad Haj-Ýahýa bolsa, bu kanun taslamasynyň "esasy maksady aşa sesiň öňüni almak däl-de, tutuş jemgyýetde we ýehudylar bilen araplaryň arasynda parahatçylyga uly zarba urjak ýagdaýlar döretmekdir" diýip, öz pikiri beýan edýär. Bitarap merkez hasaplanýan Ysraýylyň demokratiýa instituty şeýle kanun taslamasyna garşy çykyş edýänleriň öňüni çekýär.

Iň sagçy hökümetmi?

Aglaba köpçüligi musulman bolan araplar Ysraýylyň ilatynyň ýüzden 20 göterimini emele getirýär. Olaryň köpüsi hökümeti jemgyýetde agzalalyk döretmekde aýyplaýar.

Netenýahu Ysraýylyň şu wagta çenli häkimiýetiň başyna geçen iň sagçy hökümetine ýolbaşçylyk edýär. Ol geçen hepdäniň ahyrynda owalky premýer ministr Ýitzhak Rabiniň janyna kast edilmeginde rolunyň bardygy babatda öňe sürülýän aýyplamalara jogap bermäge mejbur bolupdyr. Netenýahu mundan 21 ýyl owal Ýigal Amir atly bir ýehudy ekstremistiniň Ýitzhak Rabiniň janyna kast etmegine "her birimizi çuňňur gynandyran elhenç syýasy jenaýat" höküminde baha berýär.

Netenýahu "Facebook" sosial ulgamdaky sahypasynda: "Ol jenaýatdan bäri yzgyderli ýagdaýda hakykaty ýoýandygymy aýdyp, şeýle-de meni jana kast etmäge öjükdirmekde aýyplanýanlar bilen ýüzleşdim" diýip ýazýar. Ol şol bir wagtyň özünde, Rabine garşy hereketleri ýazgaryp eden öz çykyşlaryny hem paýlaşypdyr. Premýer ministriň janyna kast edilmezden birnäçe hepde owal Rabin şol döwürde daşary işler ministri bolan Şimon Peres we Palestinanyň lideri Ýasser Arafat bilen bilelikde 1994-nji ýylyň Nobel parahatçylyk baýragyna mynasyp görlüpdi.

XS
SM
MD
LG