Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Sowuk howa zerarly 20 adam öldi


Owganystan

Owganystan

Owganystanyň gyrak-çetdäki demirgazyk welaýatynda şu hepde öte sowuk howa we agyr ýagan gar sebäpli azyndan 20 adam, köpüsi çagalar, heläk boldy diýip, ýerli resmiler 25-nji noýabrda aýtdylar.

Ölenler Jowuzjan welaýatynyň Darzab etrabyndan diýip, etrap gubernatory Rahmatullah Haşar Azat Owganystan radiosyna aýtdy.

Haşar pidalaryň uruş-gowga zerarly goňşy regionlardan gaçyp gelen adamlar bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol häzir 100 çemesi maşgalanyň daglyk ýerlerde, metjitlerde we açyk meýdanda galyp, örän agyr ýagdaýda mydar edýändigini gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG