Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan: Iň uzak saklanan syýasy tussag azat edildi


Samandar Kokonow

Samandar Kokonow

23 ýyldan gowrak türmede saklanan özbek syýasatçysy Samandar Kokonow 24-nji noýabrda azatlyga çykdy diýip, onuň garyndaşlary Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna aýtdylar.

Türme häkimiýetleri 72 ýaşyndaky Kokonowa berlen goşmaça möhletiň oktýabrda geçen sud diňlenişiginde ýatyrylandygyny aýdypdyrlar.

Ozalky parlament agzasy, döwlet emlägini ogurlamakda aýyplanan Kokonowyň 6-njy oktýabrda, türme möhleti dolup, azatlyga çykmagyna garaşylýardy.

Emma onuň maşgalasyna 30-njy oktýabrda Kokonowyň türme möhletiniň biraz öň, türme düzgünlerini bozandygy üçin,ýene üç ýyl uzaldylandygyny aýtdylar.

Kokonow 1993-nji ýylda tussag edildi. Tarapdarlary onuň syýasy sebäpler esasynda aýyplanandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG