Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň parlamenti "Adalatçy hakynda" kanun kabul etdi


Türkmen resmileri

Türkmen resmileri

Türkmenistanyň parlamenti “Ombudsmen hakyndaky kanuny” biragyzdan kabul etdi (Türkmen metbugatynda "ombudsmen" sözi “adalatçy” diýlip alynýar.).

Türkmen mediasynyň habaryna görä, “Bu Kanun adalatçynyň hukuklaryny, borçlaryny, işiniň esasy ugurlaryny we kepilliklerini, wekilçiligini” kesgitleýär.

“Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolan adalatçy wezipesi adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan şol kepillikleriň berjaý edilmegini hem-de hormat goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilýär” diýip, resmi habarda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG