Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat şäheri prezidenti garşylamaga taýýarlanýar


Türkmenabatda prezidentiň geçjek ýollary oňarylýar. 25-nji noýabr, 2016 ý.
Türkmenabatda prezidentiň geçjek ýollary oňarylýar. 25-nji noýabr, 2016 ý.

Şu günler lebap welaýatynyň merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň köçelerinde bezeg işleri uly depginde alnyp barylýar. Hususan-da şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesi, ýagny il arasynda "Kostandow" diýlip tanalýan köçäniň, şeýle-de şäheriň aeroportyndan ugraýan Magtymguly köçesiniň ugrundaky yşyklandyryş sütünleri dürli reňkdäki lentalar bilen bezelýär. Kommunal gulluklaryň işgärleri köçeleri arassalaýarlar. Ýol edaralaryň işgärleri bolsa köçäniň ugrundaky ýol çyzgylaryny gije-gündiz boýaýarlar. Şeýle-de, "Kostandow" köçesiniň ugrundaky ähli hususy we döwlet edaralaryna degişli binalaryň öňi arassalanyp, olara lentalar dakylýar.

Binalaryň öňleri dürli reňkdäki lentalar bilen bezelýär.
Binalaryň öňleri dürli reňkdäki lentalar bilen bezelýär.

Bu hili başagaýlyklar howanyň sowuk ýa ygallydygyna garamazdan, baýramçylykdan öňki taýýarlyk ýagdaýy ýatladýar.

Il arasyndaky gürrüňlerden çen tutulsa, bu çäreleriň 28-nji noýabrda prezident G. Berdimuhamedowyň gelmegi bilen baglydygy aýdylýlar. Emma bu barada resmi metbugatda hiç hili habar berilmeýär.

Şol taýýarlyk işleriniň çäginde, kommunal hojalyk edaralarynyň işgärleri, ýol gurluşyk işgärleri sowuk howada, kä halatlarda iş wagtyndan köpräk işlemeli bolýandygyny aýdýarlar.

Kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri. Türkmenabat, 25-nji noýabr, 2016 ý.
Kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri. Türkmenabat, 25-nji noýabr, 2016 ý.

“Prezidentiň gelýänligi sebäpli köp ýerleri arassalap, oňaryp ýetişmeli bolýar. Şonuň üçin işimiziň gijräk gutarýan halatlary hem bolýar” diýip, ýol edarasynyň işgäri, türkmenabatly Rüstem aýdýar.

Rüstemiň aýtmagyna görä köçäniň ugrundaky boýag işleri gidip durka, ýol ýapylýar. Gündiziň güni şäheriň içinde dyknyşyklar emele gelmez ýaly, işe köplenç agşam başlaýarlar. Şol wagtda ýol gullugynyň işgärleri tarapyndan köçeleriň belli wagtlyk ýapylýandygyny Rüstem sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, Türkmenabadyň käbir hususy dükanlary hem ýapyldy. Bu dükanlaryň içinde esasanam awtomobil şaýlaryny satýan dükanlar we plastik gapy ýa-da äpişge oňarýan dükanlary agzap bolýar. Beýle ýagdaý sowdagärleri alada goýýar.

Prezidentiň geçjek ugrundaky binalaryň haýatlary boýalýar. 25-nji noýabr, 2016 ý.
Prezidentiň geçjek ugrundaky binalaryň haýatlary boýalýar. 25-nji noýabr, 2016 ý.

Aýdylmagyna görä öňümizdäki hepdäniň duşenbe gününden, penşenbe gününe çenli şäheriň käbir bazarlarynyň hem ýapylmalydygy barada söwdagärlere duýduryş berlipdir.

“Dört günläp söwdamyz durýar, emma ýer tölegleri diýen wagty bolsa bazar işlemedi diýip bolanok. Administrasiýada hiç hili ylalaşyk edesi gelmeýär, iň bolmanda şunuň ýaly ýagdaýlarda eglişik bolsady. Söwda bolmasa nädip tölejek?” diýip, türkmenabadyň 5-nji bazaryndaky söwdagär, 40 ýaşlaryndaky Nurulla aýdýar.

Şeýle-de, prezidentiň gelmegi käbir býujet edarasynyň işgärlerini, okuwçylary, ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň talyplaryny we medeniýet işgärlerini hem alada goýýar. Bu hili aladalary howanyň aşa sowuk bolmagy has-da artdyrýar.

Prezident G. Berdimuhamedowyň şu gezekki saparynda Türkmenabatdan Atamyrat etrabyna barjakdygyny aýdýarlar. Edara resmileriniň sözüne görä, prezidentiň sapary ýerdäki täze gurlan Türkmenistan - Owganystan - Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy bilen bagly diýilýär.

XS
SM
MD
LG