Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada prezidentlige dalaşgärler Russiýa üstünde jedelleşdiler


Fransois Fillon (sagda) we Alain Juppe

Fransois Fillon (sagda) we Alain Juppe

Fransiýada konserwatiwleriň prezidentlik saýlawynda umyt baglaýany Fransois Fillon 24-nji noýabrda orsýet boýunça Alain Juppe bilen jedelleşige girdi. Juppe bäsdeşini Kremle dostlukly garamakda aýyplady.

Telewideniýede görkezilen çekişmede Juppe Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Fillon barada golaýda aýdan ýakymly sözlerine salgylanyp, “bu ors prezidetniň öz kandidatyny saýlan ilkinji prezientlik saýlawy bolmaly” diýdi.

Fillon Moskwa bilen strategik ýaranlygy goldap, Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen özüne birikdirenligi we gündogar Ukrainada separatistleri goldamagy sebäpli Moskwanyň garşysyna girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň tarapyny çalýar.

Fillon: “Orsýete geçen bäş ýyllykda çemeleşişimiz ýaly çemeleşsek, ol bir howply ýurt” diýip, Juppeýiň tankydyny ret etdi.

“Biz Birleşen Ştatlaryň ýaranlary, Birleşen Ştatlar bilen esasy prinsipleri paýlaşýarys. Muny Orsýet bilen edemzok” diýip, Fillon aýtdy.

Ol soňra hem häzirki prezident Fransois Hollandyň Orsýet baradaky tutumynyň – şol sanda sanksiýalary goldamagynyň hem – Moskwanyň çetleşdirilmegine getirendigini sözüniň üstüne goşdy.

Eger Fillon 27-nji noýabrda Juppeýi ýeňip bilse, onda ol maýda geçjek prezidentlik saýlawynda aşa-sagçylaryň Moskwa bilen ýakyn gatnaşygy goldaýan kandidaty Marine Le Peni-de ýeňer diýlip çaklanýar.

Öten hepde deslapky ýaryşda Fillon sesleriň 44 prosentini aldy. Juppeýiň alany bolsa 29 prosente-de ýetenok. Öňki prezident Nikolas Sarozy ýaryşyň birinji tapgyrynda ýeňlişe uçrap, bäsleşikden çykdy. Fillon Sarkozynyň döwründe premýer-ministr bolupdy.

Çekişmeden bir gün öň Putin Fillony “ýokary derejede professional” we “öz nukdaý nazaryny sakmalagy başarýan” adam diýip öwdi.

Üstümizdäki aý Birleşen Ştatlarda prezident saýlanan Donald Tramp bäsdeşi Demokratik partiýanyň kandidaty Hillary Klintondan garaşylmadyk ýagdýada üstün çykanyndan soň Kreml we Orsýetiň resmileri Moskwanyň Günbatar bilen gatnaşyklary indi gowulanar diýip umyt bildirdiler.

Tramp Putini taryplap, terrorizme garşy göreş ýaly meselelerde hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin Waşington bilen Kreml arasyndaky çagşan gatnaşyklary gowulandyrmak isleýändigini aýtdy.

2014-nji ýylda Krymy anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainada separatistleri goldamagy sebäpli Orsýete basyş etmegiň tarapyny çalýan Ýewropa Bileleşigindäki esasy ýurtlar Fransiýa bilen Germaniýa.

Fillon deslapky ýaryşyň birinji tapgyrynda ýeňiji bolanyndan soň Orsýetiň parlamentiniň aşaky palatasynyň daşary işler komitetiniň başlygy Alekseý Puşkow eger ol Fransiýada prezidentligi gazansa, Orsýet babatda bu “Berlin-Pariž tandeminiň soňlanmagynyň” alamaty bolar diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG