Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşanbe AÝ/AR-nyň 6 žurnalistiniň akkreditasiýasyny ýatyrdy


Prezident Emomali Rahmonyň kitabyna dikilen keýkel
Prezident Emomali Rahmonyň kitabyna dikilen keýkel

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň alty žurnalistiniň akkreditasiýasyny ýatyrdy.

Neşiriň maglumatyna görä, ministrlik 25-nji noýabrda munuň sebäbini Täjik gullugynyň prezidentiň gyzynyň ýokary wezipä bellenendigi baradaky habary saýtyndan aýyrmak barada edilen talapdan ýüz öwrendigi bilen düşündirdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosy prezident Emomali Rahmonyň gyzy Ruhşona Rahmonowanyň gyzy baradaky habaryň Daşary işler ministrliginiň websaýtyndaky maglumata esaslanýandygyny aýtdy we ministrlikdäki çeşme tarapyndan hem tassyk edildi.

Habar guramasy resmileriň Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna bu maglumaty aýyrmak üçin 5 minut wagt berendigini, ýogsa Duşanbedäki habarçylaryň ygtyýarnamalaryny ýitirjekdigini aýdandygyny aýdýar.

Žurnalistleriň ygtyýarnamalary 25-nji noýabr güni öýlän, Azat ýewropa we Azatlyk radiosy bu habary aýyrmajagyny aýdandan soň togtatyldy.

Täjik gullugy ygtyýarnamasy ýatyrylan alty žurnalistiň täjik prezidentiniň gyzynyň DIM-iň halkara gatnaşyklary bölümine başlyk bellenendigi baradaky habara dahylsyzdygyny aýdyr.

Täjikresmileri soňky hepdelerde Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň websaýtyndan habar aýyrmagy ikinji gezek talap edýärler.

XS
SM
MD
LG