Sepleriň elýeterliligi

Bulujystanda iki hytaýly öldürildi


Pakistan, Gwadar portundaky desgalaryň açylyş dabarasy, 13-nji noýabr, 2016

Pakistan, Gwadar portundaky desgalaryň açylyş dabarasy, 13-nji noýabr, 2016

Pakistanyň Bulujystan welaýatynda näbelli hüjümçiler iki sany hytaýly inženeri öldürdi.

Pasni etrabynyň komissarynyň kömekçisi Mansur Kiçki olaryň 26-njy noýabrda, işe barýan mahallary öldürilendigini aýtdy. Hüjümçiler olaryň maşynlaryny alyp, gaçyp gutuldylar.

Pasni etraby Arap deňzindäki Gwadar portunyň golaýynda ýerleşýär.

Pakistanyň premýer-ministri iki hepde ozal Gwadara ilkinji hytaý ýük kerweniniň gelmegini gutlapdy.

XS
SM
MD
LG