Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky üç partlama 5 adamy öldürdi


 Jalalabad, 25-nji noýabr, 2016
Jalalabad, 25-nji noýabr, 2016

Owgan resmileri gündogar Owganystanda bolan partlamalaryň bäş adamy öldürip, onlarça adamy ýaralandygyny aýdýarlar.

25-nji noýabrdaky partlamalar Nangarhar welaýatynyň paýtagty Jalalabadyň üç sany dürli böleginde bolupdyr we häzirlikçe olaryň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Bombalaryň biri ýerli türme resmisi Abdul Hakimiň öýüniň ýanynda partlap, ony we bir çagany öldüripdir, alty adamy bolsa ýaralapdyr.

Ikinji partlama ýangyn brigadasynyň edarasynda bolup, 3 adam öldürip, 21 adamy ýaralapdyr.

Birinji partlamadan soň Hakimiň öýüne ýygnanan adamlary nyşana alan üçünji partlamada pida bolanlar barada maglumat ýok.

XS
SM
MD
LG