Sepleriň elýeterliligi

Dünýä liderleri Fidel Kastronyň ölümine gynanç bildirýär


Ozalky sowet lideri Mihail Gorbaçew Kastrony öz ada ýurduny «kuwwatlandyran» lider hökmünde taryplady.

Ozalky sowet lideri Mihail Gorbaçew Kastrony öz ada ýurduny «kuwwatlandyran» lider hökmünde taryplady.

Dünýä liderleri öz ada döwletine tas ýarym asyr ýolbaşçylyk eden kuba rewolýusioneriniň ölümine gynançlaryny beýan etdiler. Kastro 25-nji noýabrda, 90 ýaşynda aradan çykdy.

Kastronyň ölümi baradaky habar ýurduň Maýamide bosgunçylykda ýaşaýan adamlarynyň arasynda şatlyk, dünýä liderlerinde gynanç döretdi. Müňlerçe adam Kastronyň ölümini baýram etmek üçin köçelere çykyp, Maýaminiň «Kiçijik Hawanasynda» "Cuba si! Castro no!" diýip gygyrdy.

Kastro dünýäniň çar künjegindäki çepçileriň hormatyny gazandy, olar oňa latyn Amerikasynda Birleşen Ştatlaryň agalygyna garşy duran, garyplara bilim, saglygy saklaýyş hyzmatlaryny beren we dünýä ýüzünde sosializm hereketini hyjuwlandyran öňdengörüji hökmünde seretdiler.

Rus prezidenti Wladimir Putin 26-njy noýabrda Kremlden ýaýradan beýanatynda Kastrony «Bir eýýamyň simwoly» diýip öwdi.

Putiniň Raul Kastro ýollan telegrammasynda Fidel Kastronyň «Orsýetiň ynamdar dosty bolandygy» aýdylýar.

Ozalky sowet lideri Mihail Gorbaçew Kastrony öz ada ýurduny «kuwwatlandyran» lider hökmünde taryplady.

Wenezuelanyň sosialist prezidentiNikolas Maduro "dünýä rewolýusionerlari onuň mirasyny alyp götermeli, oňa eýermeli" diýdi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua OllandKastro Kuba rewolýusiýasynyň «umytlaryny we lapykeçliklerini» özünde jemledi diýmek bilen, Kastro režiminiň adam hukuklarynyň bozulmagyndaky roluny nazara alyp aýtdy.

XS
SM
MD
LG