Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko: Ukrain açlygy «gyrgyn» diýip ykrar edilmeli


Ukraina, Açlyk pidalary ýatlanýar, 26-njy noýabr, 2016

Ukraina, Açlyk pidalary ýatlanýar, 26-njy noýabr, 2016

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Holodomoryň, 1930-njy ýyllarda Ukrainada bolan açlygyň «genosid» diýip ykrar edilmegine çagyrdy.

Poroşenko 26-njy noýabrda, Kiýewde Holodomor pidalarynyň, sowet diktatory Iosif Staliniň dolandyryşy wagtynda gyrlan millionlarça adamyň hatyra gününe gabat guralan dabarada çykyş etdi.

"Men ýap-ýaňy prezident kararyna gol çekdim we onda Daşary işler ministrligine, başga işler bilen bir hatarda, Holodomoryň halkara jemgyýetçiligi, daşary ýurtlar, halkara guramalary tarapyndan ukrain halkynyň genosidi hökmünde ykrar edilmegini gazanmak ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmek tabşyrygy hem bar» diýip, ukrain lideri aýtdy.

XS
SM
MD
LG