Sepleriň elýeterliligi

Kubalylar rewolýusion lider Fidel Kastronyň ýasyny tutýar


Kuba, Havana, Kastronyň hormatyna ýarym aşak goýebrilen baýdak

Kuba, Havana, Kastronyň hormatyna ýarym aşak goýebrilen baýdak

Kuba öz rewolýusion lideri Fidel Kastronyň ýasyny tutýar.

90 ýaşynda ýogalan Kastronyň ölümi 26-njy noýabrda yglan edildi we ýurtda dokuz günläp resmi ýas tutulýar.

Döwlet edaralaryndaky baýdaklar aşak goýberildi we kommunistleriň ada ýurduna ýarym asyra golaý ýolbaşçylyk eden we 26-njy noýabrda jesedi kremasiýa edilen Kastronyň hormatyna konsertler, şatlykly çäreler ýatyrylmaly, köpçülikleýin ýygnanşyklar geçirilmeli edildi.

Kastronyň kremasiýa edilen jesediniň küli 4-nji dekabrda gündogar şäher Santiago eltiler.

Kastronyň ölümi dünýä liderleriniň we tanymal şahslaryň bir toparynda gynanç döretse, başgalar, şol sanda ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampmerhumy ýazgaryp çykyş etdi, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Kastrony taryhyň suduna galdyrsa, dünýäniň çar künjegindäki çepçiler ony Latyn Amerikasynda ABŞ-nyň agalygyna garşy durmagy başaran we garyplara bilim we saglyk hyzmatlaryny beren lider hasapladylar.

XS
SM
MD
LG