Sepleriň elýeterliligi

Ban BMG-niň Aşgabatdaky binasyndan hoş boldy


Ban Ki-Mun, Baş sekretar hökmünde, Türkmenistana üç gezek sapar etdi. Onuň geçen ýyldaky sapary doglan gününe gabat geldi. 13-nji iýun, 2015

Ban Ki-Mun, Baş sekretar hökmünde, Türkmenistana üç gezek sapar etdi. Onuň geçen ýyldaky sapary doglan gününe gabat geldi. 13-nji iýun, 2015

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, BMG-niň Aşgabada sapara gelen Baş sekretary Ban Ki-Munyň gatnaşmagynda, şenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň türkmen paýtagtynda gurlan täze wekilhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze binanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, halkara guramalarynyň Türkmenistandaky wekilleri, Durnukly ulgam ulgamy boýunça Aşgabatda geçirilen global maslahatyň delegatlary, ýerli we daşary ýurt habar serişdeleriniňwekilleri gatnaşdylar.

Prezident Berdimuhamedow bu «ägirt uly wakanyň çuňňur manysynyň we taryhy ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyklary ösdürmegiň täze bir tapgyrynyň başlanmagyny alamatlandyrýandygyny» aýtdy.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň «abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, dünýä diplomatiýasynyň özboluşly meýdançasy we esasy bölegi hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge çalyşýandygyny aýtdy» diýip, türkmen mediasy ýazýar.

Berdimuhamedow täze bina bilen bagly sözüni «şu pursatdan başlap, men bize Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda uly üstünlikleriň garaşýandygyna tüýs ýürekden ynanýandygyny» nygtamak bilen jemledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Mun ýygnananlara türkmen dilinde salam berip, «siziň bilen duşuşanyma örän şat» diýip, türkmençe aýtdy. Ol sözüni iňlis dilinde dowam edip, özüniň köp ýurtlarda bolandygyny, BMG-niň wekilhanalarynyň binalarynyň tapawutlanýadygyny, emma bu ýerde gurlan wekilhana binasynyň «köşge meňzeşdigini» aýtdy.

«Bu iň bir elegant, iň bir gowy bina we şu sebäpden men size ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýärin, jenap prezident» diýip, Baş sekretar Berdimuhamedowa ýüzlenip aýtdy. Şeýle-de ol BMG-niň bu jaýynyň dünýäniň ähli ýurtlary üçin nusga bolup durýandygyny nygtady.

Ban Ki-Mun öz gürrüňiniň dowamynda, Baş sekretar hökmünde, Türkmenistana üçünji gezek sapar edýändigini, geçen ýylyň iýun aýyndaky saparynyň bolsa öz doglan gününe gabat gelendigini ýatlady.

«Şonda türkmen tarapy meniň üçin uly dabara gurady. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan prezidentiniň tagallasy bilen, BMG-niň resmi diýlip ykrar edilen alty dilinde, meniň adyma gutlag sözleri aýdyldy. Munuň özi meniň üçin ýatdan çykmajak pursatlardyr» diýip, ýokary derejeli myhman minnetdarlygyny bildirdi.

Baş sekretar BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň işgärlerini «ajaýyp sowgat bilen tüýs ýürekden gutlap», resmi habarda aýdylmagyna görä, munuň «Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde iş alyp barmaga bolan ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasydygyny» belledi.

Täze binanyň açylyş dabarasynyň soňunda prezident Berdimuhamedowyň BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna sowgat hökmünde, täze ýokary hilli awtoulagyň açaryny gowşurandygy aýdylýar.

BMG-niň Baş sekretary "bu ajaýyp sowgat üçin" hem tüýs ýürekden hoşallygyny mälim edipdir.

Gepiň gerdişine aýdylsa, resmi Aşgabat golaýda Ženewada adam gynamalary boýunça hasabat berýän mahaly, 22-nji noýabrda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň saýty Türkmenistanda petiklengi boldy diýip, Azatlyk radiosy habar beripdi.

Mundanam başga, BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi topary Türkmenistanda üç ýyllyk türmä höküm edilen žurnalist Saparmämmed Nepesgulyýewiň saklanmagy we tussag edilmegi eden-etdilikli diýen netijä gelipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG