Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň hökümet güýçleri Alepponyň möhüm bölegini yzyna aldy


Gündogar Aleppo, 23-nji noýabr, 2016.
Gündogar Aleppo, 23-nji noýabr, 2016.

Siriýanyň hökümet güýçleri gündogar Alepponyň gozgalaňçylaryň elindäki möhüm bölegini yzyna aldylar diýip, aktiwistler we döwlet mediasy habar berdi.

Döwlet eýeçiligindäki SANA habar gullugy 26-njy noýabrda Siriýanyň hökümet güýçleriniň Hanano etrabyny indi doly öz kontrolyna geçirendigini we bu ýeri minalardan we bombalardan arassalaýandygyny aýtdy.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän adam hukuklary obserwatoriýasy hökümet güýçleriniň ýeňşini tassyk etdi we goňşulykdaky iki etraba - Al-Haidariýa we Sakhur etraplaryna hem hüjüme geçendigini aýtdy.

Siriýada howa zarbalary bilen prezident Başar al-Assady goldaýan rus harbylarynyň sözçüsi 27-nji noýabrda hökümet güýçleriniň soňky iki günde gündogar Alepponyň içine düýpli weçuň aralaşandygyny, 2 münden gowrak binadan öz garşydaşlaryny gysyp çykarandygyny aýtdy diýip, Interfax ýazýar.

Ýasser al-Ýusef,Nour al-Din al-Zinki pitneçi fraksiýasynyň wekili özleriniň Hananony goramak üçin 48 sagatdan gowrak söweşendiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG