Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Deportasiýa edilýän türk mugallymlaryň ykbaly näbelli


Pakistanly okuwçy.

Pakistanly okuwçy.

“PakTurk” hususy mekdepleriniň bir uly mugallymy, işgärleriň we olaryň maşgalalarynyň Pakistandan deportasiýa edilmegini ýazgaryp çykyş etdi. Ol mekdepleriň ýapylmagy ýüzlerçe adamyň durmuşyny aladaly ýagdaýa saldy diýdi.

“Pakturk” halkara mekdeplerindäki we kolležlerindäki 450 töweregi mugallymdan we olaryň maşgala agzalaryndan, noýabr aýynyň ahyryna çenli Pakistany terk etmekleri talap edilýär. Türk hökümeti bu mekdepleri iýul aýynda hökümet agdarylyşygy synanyşygyny gurnamakda aýyplanýan, Birleşen Ştatlarda ýaşaýan musulman ruhanysy Fethullah Gülen bilen ilteşiginiň bardygy bilen aýyplaýar. Emma bu aýyplamalar mekdep işgärleri tarapyndan düýpli ret edilýär.

“PakTurk” halkara mekdepleriniň müdir orunbasary Nurijan Dündar Azatlyk Radiosyna işgärleriň we olaryň maşgalalarynyň Türkiýä barmajakdyklaryny aýdyp, ol ýerde Gülen tarapdarlary diýilýän müňlerçe mugallymlara garşy uly göwrümli işden boşadyş we tussag ediş kompaniýasynyň dowam edýändigini belleýär.

“Iň uly meselelerimiziň biri - biz Türkiýä yzymyza dolanyp bilmeýäris. Türkiýedäki biziň dostlarymyzyň hemmesi türmede. Olar bizi Türkiýä äkidip, bizi hem türmä dykmak isleýärler” diýip, Dündar Päkistanyň Peşawar şäherinde gürrüň berdi.

Wideo: Pakistandaky sud mugallymlaryň deportasiýa edilmegini wagtlaýyn togtatdy. Muňa seretmezden, köp mekdepleriň türk işgärleri Pakistandan gitmäge we gaýgyly hoşlaşyklara taýynlanýarlar. (Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugy)

2010-njy ýyldan bäri Pakistanda işleýän Dündar, özüniň we beýleki “PakTurk” işgärleriniň dünýäniň 172 ýurdundaky beýleki şeýle mekdeplere gitjekdigini aýtdy. Ýöne ol munuň şowly geçjekdigi hakynda ikirjiňlenýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Aslynda, Pakistanyň Içeri işler ministrligi olardan noýabryň 20-ne çenli ýurdy terk etmegi talap edipdi, emma olaryň möhleti aýyň soňuna çenli uzaldylypdy. Mekdep sudda karara garşylyk görkezipdi, emma sud şikaýaty kabul etmedi.

“Gülençilere” garşy söweş

Dündar “PakTurk-iň”, Gülen we onuň 160 töweregi ýurtda, 2000-den gowrak bilim edaralary bolan dini we sosial hereketi bilen baglanşygynyň bardygy hakyndaky aýyplamalaryň ýalňyşdygyny aýdýar. Ol “hiç bir ilteşik ýok” diýdi.

Ankara Yslamabatdan ýurtdaky Gülen bilen ilteşigi bolan hemme toparlary aýyrmagyny sorady. 16-njy noýabrda Yslamabada sapar eden Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň, “Gülençi terrorist gurama” diýlip aýdylýan topara garşy Pakistanyň eden hereketlerine öwgi bilen garşylyk berdi. Olardan gaty hoşal bolandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlarda sürgünde ýaşaýan Güleni Ankara türk goşunyndaky öz ýaranlaryna 15-nji iýuldaky Erdogana garşy agdarylyşyk synanyşygyna buýruk bermekde aýyplaýar. Gülen bu aýyplamalary birnäçe gezek ret etdi. Birleşen Ştatlaryň resmileri türk resmileriniň Güleni yzyna bermekligi hakyndaky talabyna, onuň hakynda täsirli subutnamalar görkezilmelidigini aýdyp jogap berdi.

10 müňden gowrak çaga

Dündar hökümetiň “PakTurk-e” garşy edýän basyşlaryndan iň köp ýitgi çekýänleriň ýurduň 28 mekdebinde bilim alýan 10 müňden gowrak okuwçylardygyny aýtdy. Bu ýurtda 24 million çaga mekdebe gitmeýär.

Dündar: “Iň kyn tarapy okuwçylary we olaryň hossarlaryny goýup gitmek. Biz gowy we ýokary hilli bilim üçin işleýäris. Şonuň üçin Pakistandaky adamlar bizi gowy görüp, ýardam edýärler” diýdi.

Onlarça pakistanly ene-ata hökümetiň 18-nji noýabrda mugallymlary işden boşatmagyna garşy çykyş etdi.

“Amnesty International” guramasy bu wakalara “syýasy matlaply hereket” diýip baha berip, bularyň diňe pakistanly çagalary öýkeletjekdigini aýtdy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparyň Günorta Aziýa boýunça direktory Champa Patel 17-nji noýabrda: “ýurt, türk hökümetiniň buýrugy esasynda mugallymlary kowmak ýaly syýasy hereketlere däl-de, synplara we mugallymlara mätäç” diýdi.

“PakTurk” halkara mekdepleri we kolležleri türk hökümetinde registrasiýa edilen hökümete degişli bolmadyk gurama tarapyndan 1995-nji ýylda döredilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG