Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň hökümet güýçleri Alepponyň ençeme etrabyny eýeledi


Siriýanyň SANA agentligi hökümet güýçleriniň esgerleriniň suratyny çap etdi, Alepponyň Masaken Hanano etraby, 27-nji noýabr, 2016.

Siriýanyň SANA agentligi hökümet güýçleriniň esgerleriniň suratyny çap etdi, Alepponyň Masaken Hanano etraby, 27-nji noýabr, 2016.

Siriýanyň hökümet güýçleri Aleppo şäherinde gozgalaňçylaryň elindäki alty etraby eýelediler we müňlerçe adamy gaçyp çykmaga mejbur etdiler.

Siriýanyň döwlet telewideniýesiniň 28-nji noýabrda aýtmagyna görä, hökümet güýçleri we olaryň ýaranlary şäheriň gündogar böleginde Sakhur, Haýdariýa we Şeih Hodr etraplaryny eýeläpdirler.

Beýik Britaniýada ýerleşýän Siriýada adam hukuklarynyň gözegçisi atly gurama bu maglumaty tassyklady we prezident Başar al-Assadyň hökümetine garşy söweşýän güýçleriň birnäçe gün ozal öz elindäki giňişlikleriniň üçden bir bölegini elden berendigini aýtdy.

“Aleppoda 2012-nji ýyldan bäri oppozisiýa garşy iň uly söweş boldy” diýip, Reuters agentligi guramanyň başlygy Rami Abdulrahmany sitirledi.

Munuň öňüsyrasynda gurama hökümet güýçleriniň Alepponyň “demirgazyk bölekleriniň aglaba bölegine” gözegçilik edýändigini we 26-27-nji noýabrda azyndan 10 müň adamyň şäheri terk edendigini habar beripdi.

Aleppo şäheri 2012-nji ýyldan bäri bölünen ýagdaýda saklanýar. Hökümet güýçleri şäheriň günbataryna, gozgalaňçylar gündogaryna gözegçilik edýär.

XS
SM
MD
LG