Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan iki protestçini bäş ýyl türmä höküm etdi


Raýat aktiwistleri Maks Bogaýew we Talgat Aýan sud diňlenişiginde, Atyrau, 28-nji noýabr, 2016

Raýat aktiwistleri Maks Bogaýew we Talgat Aýan sud diňlenişiginde, Atyrau, 28-nji noýabr, 2016

Gazagystanyň Atyrau şäheriniň sudy ýer reformasyna garşy çykyşlara gatnaşan iki raýaty bäş ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdi.

28-nji noýabrda sud Maks Bogaýewi we Talgat Aýany sosial närazylygy tutaşdyrmakda, galp maglumat ýaýratmakda we jemgyýetçilik ýygnanyşyklar baradaky kanunlary bozmakda günäli tapdy we şol günüň özünde höküm çykardy.

12-nji oktýabrda suda çekilenler özlerine ýöňkelen günäni ret edip, ony syýasy matlaply atlandyrdylar.

Olar 24-nji aprelde Atyrau şäheriniň merkezinde müňlerçe adamyň ýygnanmagynda ýurtda ýeriň hususylaşdyrylmagy baradaky kanuna garşy geçirilen protestleriň dowamynda tussag edilipdi.

Atyraudaky protestleriň yzýany iki hepdäniň dowamynda tutuş Gazagystanda protestleriň ençemesi geçirilipdi.

Protestçiler täze kanunyň Gazagystanda ýeriň daşary ýurtlylaryň eýeçiligine berilmegine ýol açmagyndan howatyrlanma bildiripdi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar gazak häkimiýetlerinden Bogaýewi we Aýany boşatmagy talap etdiler we olaryň öz pikirlerini köpçüligiň öňünde mälim etmäge hukugynyň bardygyny nygtadylar.

XS
SM
MD
LG