Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bekre öndürýär


Bekre balyklar emeli şertlerde öndürilýär
Bekre balyklar emeli şertlerde öndürilýär

Türkmenistan Hazar deňziniň biologiki dürlüligini artdyrmak üçin emeli şertlerde bekre balyklaryny öndürýär, diýip türkmen metbugaty habar berýär.

Resmi maglumatlarda bekre balyklaryny öndürmek işinde ýurduň Türkmenbaşydaky balykçylyk toplumynyň ähmiýeti nygtaldy we onuň ýylda satuw üçin 100 tonna bekre balygyny öndürmäge we iki tonna gara işbili öndürmäge mümkinçiliginiň bardygy aýdyldy, emma bu ýerde öndürilýän önümiň möçberi barada takyk maglumat berilmedi.

Hazar deňzi bekre balyklaryň dünýä derejesinde iň köp duş gelýän ýeri bolup, deňizde gara işbiliň 90% öndürilýär.

Alymlar bekre balyklaryň hem resmi, hem-de bikanun ýoldan aşa köp awlanmagy zerarly olara doly ýitmek howpunyň abanýandygyny aýdýarlar. Balyklaryň birnäçe görnüşi “Gyzyl kutaba” girizildi.

Soňky ýyllarda regionyň birnäçe ýurdy balyklaryň awlanmagyna maratoriý wagtlaýyn gadagançylygy girizdiler. 2013-nji ýylda Orsýet Hazar deňzinde ylmy maksatlardan daşary bekre balyklaryň awlanmagyna bäş ýyllyk gadagançylygyny girizdi.

Hazarýaka döwletleriniň awlaýan bekre balyklarynyň möçberi kwotasy her ýyl ýurtдara ylalaşyklarynyň esasynda kesgitlenýärdi. Bekre balyklary awlamak üçin iň uly kwota Eýran eýe bolupdy, Türkmenistanyň paýy iň ujypsyzdy.

XS
SM
MD
LG