Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň sudy öňki ministriň arzasyny ret etdi


Orsýetiň ykdysady ösüş boýunça öňki ministri Alekseý Ulýukaýew
Orsýetiň ykdysady ösüş boýunça öňki ministri Alekseý Ulýukaýew

Moskwanyň sudy ýurduň ykdysady ösüş boýunça öňki ministri Alekseý Ulýukaýewiň deslapky öý tussaglygyna garşy beren şikaýatyny ret etdi.

Moskwanyň munisipal sudy para almakda aýyplanýan Ulýukaýewi öý tussaglygynda saklamak barada suduň ozalky kararyny güýjünde galdyrmagy karar etdi.

Ulýukaýewiň aklawçysy suduň kararyna garşy çykyp, öz müşderisi babatyndaky çäklendirmeleriň aradan aýrylmagyny we onuň syýahatçylyk etmegine rugsat berilmegini talap etdi.

14-nji we 15-nji noýabr gijesinde tussag edilen we iki aýlyk möhlet bilen deslapky öý tussaglygyna höküm edilen Ulýukaýew döwletiň eýeçiligindäki “Rosneft” kompaniýasynda paýa eýe bolmaga kömek bermek üçin iki million dollar möçberinde para almakda aýyplanýar. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şol günüň özünde Ulýukaýewi ministr wezipesinden çetleşdirdi.

XS
SM
MD
LG