Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň hökümet güýçleri Alepponyň birnäçe etrabyny eýeledi


Aleppo şäheriniň hökümet güýçleriniň eline geçen Hanano etraby, 27-nji noýabr, 2016.

Aleppo şäheriniň hökümet güýçleriniň eline geçen Hanano etraby, 27-nji noýabr, 2016.

Siriýanyň hökümet güýçleri Aleppo şäherinde gozgalaňçylaryň elindäki alty etraby eýelediler we müňlerçe adamy gaçyp çykmaga mejbur etdiler.

Siriýanyň döwlet telewideniýesiniň 28-nji noýabrda aýtmagyna görä, hökümet güýçleri we olaryň ýaranlary şäheriň gündogar böleginde Sahur, Haýdariýa we Şeih Hodr etraplaryny eýeläpdirler.

Beýik Britaniýada ýerleşýän Siriýada adam hukuklarynyň gözegçisi atly gurama bu maglumaty tassyklady we prezident Başar al-Assadyň hökümetine garşy söweşýän güýçleriň birnäçe gün ozal öz elindäki giňişlikleriniň üçden bir bölegini elden gidirendigini aýtdy.

“Aleppoda 2012-nji ýyldan bäri oppozisiýa garşy iň uly söweş boldy” diýip, Reuters agentligi guramanyň başlygy Rami Abdulrahmanyň sözüni getirdi.

Munuň öňüsyrasynda gurama hökümet güýçleriniň Alepponyň “demirgazykdaky aglaba bölegine” gözegçilik edýändigini we 26-27-nji noýabrda azyndan 10 müň adamyň şäheri terk edendigini habar beripdi.

Gurama alty müň çemesi adamyň kürtleriň gözegçiligindäki Şeih Maksouda etrabyna tarap we beýlekileriň hökümetiň elindäki etraplara geçendigini habar berdi.

Orsýetiň harbylarynyň Siriýa boýunça metbugat wekili soňky iki günüň dowamynda hökümet güýçleriniň Alepponyň gündogar etraplarynda “güýçli depginde öňe saýlanandygyny we öz garşydaşlaryny “iki müňden gowrak binadan” gysyp çykarandygyny 27-nji noýabrda aýtdy diýip, Orsýetiň Interfaks täzelikler agentligi habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde-de 27-nji noýabrda Şahur we Al-Haýdariýa etraplarynda-da hökümet güýçleriniň we gozgalaňçylaryň arasynda söweşler dowam etdi. Eger hökümet Şahur etrabyny öz gözegçiligine alsa, bu gozgalaňçylaryň elindäki etraplary iki böler.

Aleppo şäheri 2012-nji ýyldan bäri bölünen ýagdaýda saklanýar. Hökümet güýçleri şäheriň günbataryna, gozgalaňçylar gündogaryna gözegçilik edýär.

Hökümet güýçleriniň Aleppo şäherini doly eýelemegi Assadyň režimi üçin soňky bäş ýarym ýylyň dowamynda iň uly ýeňiş bolar.

15-nji noýabrda hökümet güýçleri şäheriň gozgalaňçylaryň elindäki böleklerine basyşyny güýçlendirdi. Bu ýerde 250 müň çemesi raýatyň gabawda galýandygy aýdylýar.

Synçy gurama şäherde guryýer we howa hüjümleriniň netijesinde 219 adamyň, şol sanda 27 çaganyň wepat bolandygyny habar berdi.

Assadyň 2011-nji ýylda demokratiýa tarap çykyş edýän protestçilere we hökümetiň garşydaşlaryna güýç görkezmegi köptaraplaýyn graždan urşunyň tutaşmagyna getirdi. Urşuň netijesinde 250 müň adam wepat boldy we 11 milliondan gowrak adam öz öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG